“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde “Türkmenbaşy’’ döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, gurluşygy amala aşyrylan bank ulgamynyň desgalarynyň açylmagy şanly senä – Watanymyzyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, olar ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bank ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Ykdysady syýasatda maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň eýeleýän möhüm orny olara berilýän wajyp wezipe bilen şertlenendir. Şol wezipeler halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmekden, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyply we täzeçil bolmagyna ýardam bermekden ybaratdyr. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda alyp barlan sazlaşykly döwlet syýasaty netijesinde, milli bank ulgamy kemala getirildi. Onuň hereket etmeginiň binýadynda goýlan düýpli özgertmeler durmuş ugurly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýär. “Türkmenbaşy’’ döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlaryň möçberi boýunça ýurdumyzyň esasy banklarydyr. Dürli ýaşdaky raýatlar üçin “Türkmenbaşy’’ döwlet täjirçilik bankynyň:”Pensiýa, “Ruhubelent nesiller”, “Watan gerçekleri”, “Möhletli”, “Zenan kalby” hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň:”Täze manat – täze durmuş”, “Çagalara niýetlenen maksatly goýum”, “Ene-atalar hakynda alada”, “Halkyň saglygy – Watan baýlygy”, “Çagalar – biziň geljegimiz”, “Bähbitli” atly goýumlaryny nagt we nagt däl goýumlaryň mysaly hökmünde belläp bolar. Häzirki zaman bank düzümleri bu işleriň ýerine ýetirilmegine laýyk gelýär. Türkmenistanyň banklarynyň köp bölegi hem-de olaryň şahamçalary öňdebaryjy tehnologiýalar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze binalarda ýerleşýär. Banklaryň täze, häzirki zaman edaralary gurulýar we maliýe hem-de maddy enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Munuň mysaly hökmünde açylyp, ulanylmaga berlen bank edaralarynyň on bäş gatly belent binalaryny görkezmek bolar.
Täze binada döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy gurnalyp, bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderini kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat etmäge ähli mümkinçilikler döredilen. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy’’ döwlet täjirçilik banky milli ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryndan ugur alyp, özüniň işinde nebitgaz toplumy, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk pudaklaryndaky taslamalary maliýeleşdirmek meselelerine uly üns berýär.Onuň karz beriş syýasatynyň esasy ugry ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamaga hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň ileri tutulýan ugry ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamakdan ybaratdyr. Bank ýuridiki we fiziki şahslar üçin karzlaşdyrmak, kepillendirilen depozit amallary, elektron pul geçirimleri, elektron tölegleri we beýleki bank hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň esasy maksady ilatyň pul serişdelerini goýumlara çekmek bolup durýar. Şol serişdeler uzak möhletli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur karz goýumlarynyň möhüm çeşmesine öwrülýär.
Hususan-da, Senagat – ähli ugurlarda gurluşykda hem ulaglarda, ähli ulgamlarda bolmak bilen ugurda geçiriljek işler 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamany üstünlikli amala aşyrmaga hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam berer.
Biz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.
Öwezow Çaryýar,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy.