Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

ÝÖRÄNDE SEÝKIN BASYŞLY

Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynda: “Halkymyzyň sünnäläp döreden, asyrlardan aşyryp, şu günlerimize ýetiren türkmen halysyny, ahalteke bedewlerini, batyrgaý alabaýlarymyzy hem halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň mysaly hökmünde getirse bolar” – diýip buýsanç bilen belleýär.

 Behişdi bedewlerimiz asyrlaryň dowamynda halk durmuşyna ornaşyp, ata-babalarymyzyň ömür ýollarynda uly ähmiýete eýe bolup gelipdir. Gadymy döwürde ýelden ýüwrük bedewler bilen uly ýollar geçilipdir. Her bir öýde, hojalykda bedew atyň bolmagy döwletlilik hasap edilipdir. “At agynan ýerde toý bolar” diýip halk nakylynda aýdylyşy ýaly, bedew atlar toýlara sebäp sanylypdyr. Pederlerimiz at münüp gezelenç etmegi durmuşa ornaşdyryp, onuň saglyga edýän oňyn täsirine aýratyn ähmiýet beripdirler.

 Ata-babalarymyz ilkinji nobatda bedew atlaryň ýyndam bolmagy üçin aladalanypdyrlar. Munuň üçin ömrüni seýisçilige bagyşlan pederlerimiz bedew atlaryň ýyndam hem-de uzak ýola gitgir bolmagy üçin ony seýislänlerinde kiçijek haltajyklaryň içine gum guýup, atyň art aýaklaryna daňypdyrlar. Şeýle ýagdaýda at aýagy agyr gumly gezipdir. Haçan-da çapyljak müddeti gelende haltajyklar aýrylyp,  süňňi ýeňlän bedewler guş deýin uçupdyrlar.

 Häzirki döwürde bedewleriň gitgirden ýüwrük bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň atçylyk-sport toplumynyň çapuw ýodalaryna halkara ülňülerine we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän politrek örtügi düşelmegi hem muny tassyk edýär.

Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň çapyksuwarlyk, seýisçilik sungatyny belende galdyrmakda hem-de ahalteke atlarynyň nesil arassalygyny gowulandyrmakda, syna owadanlygyny kämilleşdirmekde we baş sanyny artdyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmakda durmuşa ornaşdyrýan işleri ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem ykrarnama eýe bolýar. Bu işleriň netijesinde, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirilişleriň, abraýly atly sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.                                                                                                   Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän taryhy ýylymyzda   «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar  astynda bagtyýar halkymyz täze üstünliklere, bedew batly ösüşlere, ajaýyp zähmet ýeňişlerine, röwşen geljege hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ynamly öňe barýar.

Ýurdumyzda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän  hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

 

                                                                              Maýsa ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy bölüminiň esasy hünärmeni.