Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýüpek gurçugy – türkmen halkynyň hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ‘’Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’’ ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlar babatda, şol sanda oba hojalygynda hem uly ösüşler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu pudagy döwrebaplaşdyrmak, ýer eýeleriniň tejribelerini ýokarlandyrmak, önümçiligiň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak arkaly öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

Önümçilik işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan döwründe oba hojalygynda ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek we ondan ýokary hilli önüm almak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýüpek gurçugy kadaly şertleriň döredilmegi bilen ýaşaýşa ukyply bolup, ol uzak wagtyň dowamynda tebigaty seçgiler esasynda emele gelendir. Şonuň üçin ýüpek gurçugynda daşky şertlere bolan kesgitli talap emele geldi. Ýüpek gurçugynyň ýaşaýyşy üçin howanyň kadaly temperaturasy we çyglylygy, iýmit meýdany, iýmitiň hili we möçberi ýaly şertler zerurdyr. Ony ösdürip ýetişdirmek diňe daşky gurşaw bilen arabaglanyşykda amala aşyryp bolar.

Biziň ýurdumyzda ýüpek önümçiligi tut agaçlarynyň ösdürilip ýetişdirilmegi bilen başlanýar. Ýurdumyzyň ähli etraplarynda her ýyl tut nahallarynyň täze düýpleriniň oturdylmagy, öňden bar bolan tut agaçlarynyň ýylboýy ideg etmek işleriniň talaba laýyk ýola goýulmagy, möwsümde ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň ýeterlik mukdarda bolmagyny üpjün edýär. Agaçlar ýetişenden soň, ‘’Türkmenýüpek’’ daýhanlara gurçuk tohumyny paýlaýar. Bu tohumlar tut ýapraklarynda kölegede saklanýar. Tohumlardan ýüpek gurçuklary çykyp, pile öndürýänçäler tut ýapraklaryny iýýärler. Soňra bu pileler gaýnadylyp, ýüpek mata öndürilýär.

Häzirki döwürde Aşgabadyň ýüpek kelepleýji fabrigi, Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi, Ruhabadyň panbarh öndürýän fabrigi türkmen pilesiniň iň esasy alyjylarydyr.

Halkymyzyň eşretli, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň buhgalteri  Merjen Abdullaýewa