Ýüpek gurçugyny idetmek
Etrabymyzyň ýüpekçileri şu günlerde ýüpek gurçugyny idetmek işi bilen meşgullanýarlar, hem-de 184 tonna ýokary hili pile öndürmekligi maksat edinýärler. Öndüriljek pile biziň ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gerekli çig maldyr. Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti welaýatymyzda uly abraýa eýe bolan hojalyk hökmünde tanalýar. Şu ýyl hojalykda 850 sany ýüpekçi kärendeçi bilen şertnama baglanyşyp 1315 guty gurçuk tohmyny alyp, ony talabalaýyk idetmek bilen, jemi 48 müň kilogram ýokary hili pile öndürmekligi öz öňlerinde maksat edip goýdular we şol öňlerinde goýan meýilnamalaýýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmek üçin jan aýamazakly zhmet çekýärler. S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde ýüpekçi kärendeçileriň arasynda Umida Tajibaýewa näçe ýyllardan bäri ýüpek gurçugyny idetmek işi bilen meşgullanyp gelýär. Ýüpekçi kärendeçi Umida Täjibaýewa 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda 6 guty ýüpek gurçugyndan 485 kilogram ýokary hili piläni öndürip, meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirip gelýär. Ýüpekçi kärendeçi Umida Täjibaýewa, başga-da ýüpekçi kärendeçilere görelde bolup gelmegi başarýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap komitetiniň başlygy. Akmyrat Garajaýew