Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Oba hojalyk pudagynda aýratyn orny eýeleýän ýüpek gurçugyny idetmek möwsimi hem ýetip geldi. Şu ýyly Şabat etraby boýunça 4600 guty ýüpek gurçugyny idetmek üçin ýüpekçi kärendeçileriň 3848 gowragy bilen şertnama baglaşyldy. Etrapda ýüpek gurçugyny idetmekde öňde baryjy hatarynda “Azatlyk” daýhan birleşigini aýtmak bolar. Bu hojalykda şu ýyly 6137 gram ýüpek gurçugyny idetmek üçin ýüpekçi kärendeçileriň 323 kärendeçi gaýratly zähmet çekýärler. Bu hojalykda kärendeçileriň ählisiniň köp iş ýyllyk tejribesi bar. Olar her ýyly ýüpek gurçugyndan bol pile hasylyny taýýarlaýarlar. Olar özleriniň tejribelerine daýanyp şu ýyly hem ýüpek gurçugynyň idegini kemsiz berjaý edýärler. Ýüpek gurçuklarynyň tut ýapraklary bilen üpjinçiligine, saklanýan jaýlarynyň arassalygyna, ýylylygyna aýratyn ähmiýeti berýärler. Şu günler ýüpek gurçuklaryny tut ýapraklaryny maýdalap iýmitlendirýärler. Bu kärendeçileriň ählisi bildirilýän talaplara görä berjaý etmekligi bol pile hasylyny ýetişdirmäge uly mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Maýsa Öwezowa