“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Saparmyrat Türkmenbaşy etraby boýunça 411 guty ýüpek gurçuklaryny idetmek boýunça ýüpekçi kärendeçileriň 411-den gowragy bilen şertnama baglaşyldy. Häzirki wagtda olar bu ugrundaky işleri talabalaýyk alyp barýarlar.
Etrabymyzyň öňdebaryjy hojalyklarynyň biri bolan “8-nji Mart” daýhan birleşiginde hem ýüpekçilik möwsümine guramaçylykly girişilip, bereketli pile hasylyny kemala getirmek ugrundaky aladalara giň gerim berildi. Daýhan birleşiginiň ýüpekçileri 29 guty gurçukdan 1040 kilogram oňat hilli pile önürmegi maksat edinýärler. Şeýlelikde, ýüpekçi kärendeçiler gije-gündiziň dowamynda ýüpek gurçuklaryny ýeterlik iýmitlendirmek, arassa, ýyly saklamak bilen, olaryň ösüşiniň kadaly bolmagyny gazanýarlar. Bu işlerde tejiribeli ýüpekçilerden Aýbibi Mollaýewa, Güljahan Nedirmämedowa, Ogulgerek Kakaýewa, Tagnjemal Kakaýewa dagy kärendeçiler nusgalyk görelde görkezýärler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Artykow Döwran Arazowiç