Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Şu ýylyň 11-nji oktýabrynda hem eziz Diýarymyzda türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumy öz işine başlaýar. Bu halkara foruma GDA ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagy bolsa ähli halkmyzy has-da buýsandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň we halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen iri möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara forum örän ähmiýetlidir. Bu forum medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge, Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berer. Çünki, beýik akyldar Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen dünýä halklaryny agzybirlige, dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyran, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyny arzuwlan akyldar şahyrdyr.
TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu taryhy wakalar beýik şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasynda berkarar türkmen döwletiniň halkara abraýynyň barha artýandygynyň has aýdyň mysalydyr
Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik şahyrymyzyň heýkeliniň açylmagy, şahyryň şygyrlarynyň dünýäniň onlarça diline terjime edilip, kitap görnüşinde çapdan çykarylmagy, daşary ýurtlarda heýkelleriniň oturdylmagy onuň hormat-sarpasyny Ýer ýüzünde has-da belende göterýär. Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, akyldarlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa dana şahyryň dost-doganlyk, agzybirlik baradaky arzuwlarynyň mukaddes türkmen topragynda hasyl bolandygyny alamatlandyrýar.
Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige we agzybirlige çagyrýan ählumumy ynsanperwer we ahlak gymmatlyklaryny wagyz edýän döredijiligi häzirki zaman dünýäsinde hem möhüm ähmiýete eýedir, ol medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär. Bu forum ählumumy derejede parahatçylyga we ösüşe ýardam edýän, dünýä bileleşiginiň agzalalygyny ýeňip geçmäge, ony howpsuz we nurana geljegiň hatyrasyna birleşmäge niýetlenen medeni gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtamaga niýetlenendir.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni Tuwakow Mirhan