Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen ýurdymyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ykdysadyýetimizde uly orun degişli bolan oba senagat toplumyny ösdürmek, kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiz tarapyndan daýhanlaryň öndürjilikli zähmet çekmekligi, ene ýerden bol hasyl öndürmekligi üçin ähli taraplaýyn kömekdir goldawlar berilýär. Uzak möhletleýin ýer bölekleriniň berilmegi, tohum, dökün, suw bilen üpjün edilmegi, kuwwatly tehnikalaryň yzygider satyn alnyp berilmegi babadaýhanlary belent sepgitleri eýelemäge uly badalga berýär.
Biziň ýurdymyz Ak bugdaýyň gadymy mekany hasaplanýar. Bagtyýarlyk döwründe edermen babadaýhanlar döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli we netijeli peýdalanmak bilen ata-baba kesp kärlerini mynasyp dowam etdirip, türkmeniň guş-gursak ak bugdaýny ösdürip ýetişdirmekde her ýyly guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Daýhanlarymyzyň päk zähmetiniň netijesinde ösdürilip ýetişdirilen guş-gursak ak bugdaý azyk bolçulygynyň döredilmeginde uly orny eýeleýär. Bugdaýdan çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleri, unaş we dürli konditer önümleri taýýarlanyp, toýly döwranly saçaklarymyzyň esasy bezegi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly 27-nji awgust güni geçiren iş maslahatynda ýurdymyzda bugdaý ekişine 3-nji sentýabrynda girişmäge ak pata berip, il sylagly ýaşulylara güýzlik bugdaý ekişine başlap bermegi haýyş etdi. Tutyş ýurdymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň edermen kärendeçileri şu güni güýzlik bugdaý ekişine guramaçylykly girişdiler.Welaýat derejesinde bugdaý ekişi Gubadag etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň çäginde badalga aldy. Çäräniň geçiriljek ýerinde türkmeniň ak öýleri dikilip, toý lybasyna bürendi. Bu ýere il sylagly ýaşulylar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, oba hojalyk pudagyna dahylly işgärler ýygnandylar. Il sylagly ýaşulylar ýagşy arzuw niýetler edilip, bereket tohumy atyldy. Bu ýerde medeniýet-sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem giň orun berildi. Olar özleriniň hoş owazly aýdym sazlarynda päk zähmeti, eşretli zamanamyzy, bagtyýarlyk döwrümizi, Garaşsyzlygymyzyň bize beren datly miwelerini wasp etdiler. Şeýle hem oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň, oba hojalyk gurallarynyň, gelin-gyzlarymyzyň el-işleriniň sergileri hem ýaýbaňlandyryldy. Çärä gatnaşyjylar işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Bugdaý ekişini öz wagtynda agrotehnikanyň talaplaryna görä geçirmek, geljek ýyly bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda welaýatymyzyň oba hojalykçylary ähli zerur çäreleri gördiler. Ýerleri ekiş möwsümine birkemsiz taýýarlamak, ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, olaryň tirkeg gurallaryny doly abatlamak ýaly işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy ekişi gysga wagtda geçirmäge uly mümkinçilik berer. Ilatymyzy asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak belent başy aman bolsun, halkymyzyň bagtyýarlygyny nazarlaýan her bir işleri elmydama rowaç alsyn. Tohumlaryňyz müňlesin Gahryman Arkadagymyz, tohumlaryňyz müňlesin edermen babadaýhanlar.
Gülhumar HOJAHMETOWA
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni