Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 1360 gektar ýerde gowaça ekmegi göz öňüne tutýan Köneürgenç etrabynyň Kyrkgyz daýhan birleşiginiň 40-a golaý pagta kärendeçileri ýerleri ekiş möwümine taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanýarlar. Gowaça ekilmegi göz öňünde tutylan ýerlerde çuň sürüm geçirdiler, endigan tekizlediler, çiller arkaly kölçelere bölüp, ýuwuş suwyny tutmaga birkemsiz taýýarladylar. Häzirki wagtda birkemsiz taýýarlanan ýerlere suw tutmak işleriny gyzgalaňly dowam etdirýärler. Daýhan birleşigiň çäginde suw soryjylaryň 4-si gije-gündiziň dowamynda hereket edýär. Suw soryjylaryň saz işlemegi üçin degişli jogapkär hünärmenler, işçiler gözegçilik edýärler. Şonuň netijesinde her güni 20-22 gektar ýere suw tutmak işi geçirilýär. Şu günler bu iş daýhan birleşigiň Dädebaý Dörmenow, Hemra Annalyýew, Allaberdi Ballakow ýolbaşçylyk edýän 1,5,7-nji kärendeçiler toparlarynda has-da ýokary depginlerde barýar. Şu günki güne çenli daýhan birleşigiň 500 gektara golaý ýerine ýuwuş suwy talabalaýyk tutyldy. Ekiş möwsümine ähli taraplaýyn taýýarlyk işleriniň öz wagtynda alnyp barylmagy öňde duran gowaça ekişini bellenen wagtda geçirmeklige uly mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA