Agzybir halkymyzyň il-ýurt bähbitli ägirt uly işler durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň daşynda berk jebisleşip, ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýan, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ymykly goşulan ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny garşylady.
Garaşsyz ýurdumyzyň durmuşynda 2023-nji ýylda uly taryhy işler rowaçlandy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulan “akylly” şäher Arkadag şäheri dabaraly ýagdaýda açyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüşiň täze belent sepgitlerine ýetilip, ähli ulgamlarda işler sazlaşykly alynyp barylyp, biri-birinden ajaýyp zähmet ýeňişleri gazanyldy. Zähmetsöýer babadaýhanlarymyzyň ýerden bol hasyl alyp, Watan harmanyny has-da beýgeltmegi, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän “Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi” hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” hödürnamalarynyň, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr” döwlet tebigy goraghanalarynyň, “Repetek” döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň “Ýerajy” çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütin dünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ata Watanymyzyň, halkymyzyň durmuşynda guwandyryjy waka bolup, olaryň halkara abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Abraýly halkara guramanyň degişli komitetiniň mejlisinde şeýle çözgüdiň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, howanyň arassalygyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň netijesidir.
Bütin halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip has-da belent ösüşleri nazarlap, “Watan diňe halky bilen watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen sözlerinden hyjuw alyp Watanymyzyň abraýyny beýgelderis. Öz halkynyň ýaşaýyş durmuşyny gije-gündiz alada edip, beýik işleri amala aşyrýan Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.
TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa.