Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerýän ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyz ähli bababtda ösüşlere beslenýär.
Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde halkara derejesinde alnyp barylýan işleri has-da ýokarlandyrmak babatda mynasyp işleri alyp barýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasy energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti babatda ençeme kararnamalary kabul etdi. Bu bolsa degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň hukuk resminamalar binýadynyň berkidilmegine ýardam edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow “Dialog –parahatçylygyň kepilidir” diýen pelsepäni öňe sürdi. Bu çagyryş halkara derejesinde ykrar edilip, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2022-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy degişli Kararnama esasynda “2023-nji ýyl Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan etdi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär.
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk doglan gününiň bellenilýän ýylynda akyldar şahyryň ady bilen baglanyşdyryp şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp şygryndan ruhlanyp - 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy.
Beýik şahsyýetleriniň döredijiliginde bolşy ýaly, dünýä edebiýatynayň ösüşine uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, ynsanyýetiň ýokary ahlak-durmuş kadalary öňe sürülýär.
Ýylyň dowamynda nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça milli we halkara derejesinde maslahatlar, uly forumlar, duşuşyklar geçirilýär.
Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy, şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen halkara forum we başga-da geçirilen halkara derjesindäki çäreler we maslahatlar beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Her ýylda taryhy pursatlar, şanly wakalar, Jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlary boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, owalbaşdan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerinde ygrarly halkymyzyň asuda hem abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlar astynda durmuş-ykdysady ösüşiň ugurlary boýunça milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Bu maksatnamalar esasynda ylym-bilimi, sanly ykdysadyýeti, oba hojalygyny, telekeçiligi ösdürmek, saglygy goraýşy, sporty we medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, daşky gurşawy goramak babatda döwrebap işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde döwrebap senagat-önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar hem-de binalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.
Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň yzygiderli ýokarlanmagyna hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna oňyn täsir edýär.
Her ýyla mynasyp at berilmegi, we onuň nyşanynyň kesgitlenmegi öňde durýän esasy wezipeleri aňlatmak bilen bu ugurda tagalallary birleşdirmäge we jebisligi berkitmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigi hem-de geljek ýylda ýurtda we dünýä döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bilen baglylykda, deputatlaryň halk bilen maslahatlaşyp, geljek ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça çäreleri geçirmegi tabşyrdy.
Şol tabşyryklardan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamaga bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahatda Geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýändigi, BMG-niň 80- ýyllygynyň bellenilýändigi bu şanly senäniň 2025-nji ýyly has-da dabaralandyrjakdygy bellenildi.
2025-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň ýurduň ynsanperwer döwlet syýasatynyň, depginli ösüşleriniň, halkyň bagtyýar durmuşynyň özboluşly beýanyna öwrülmelidigine üns çekildi.
Bu ugurda ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň nazara alnyp, halkyň, ýaşlaryň arzuw-isleglerini nazarda tutmak bilen degişli işleri geçirmek barada öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki wagt-da Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna esaslanyp, ýurdumyzda 2025-nji ýylyň şygarynyň we nyşanyny kesgitlemek boýunça maslahatlar geçirilýär.
Umuman, dürli görnüşde we usullarda alnyp barylýan bu işler, geçirilýän çäreler ýurdumyzyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de abadan we asuda geljek üçin tagallalary utgaşdyrmaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni Tuwakow Mirhan