Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýylyň şygary – ösüşe we myrada alyp barýan ýol!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidetimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz 2025-nji ýyl bilen hoşlaşyp, täze 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna gadam basdyk. Zähmet ýeňişlerine beslenip, tamamlanan 2025-nji ýylda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly işler amala aşyryldy. Täze gadam basylan 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynyň ilkinji günlerinden başlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze ýyl gutlagyndan ruhlanan türkmen halky ähli pudaklarda zähmet joşgunlaryny döredýärler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Saýat etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda, orta mekdeplerde wagyz-nesihat ýygnaklary geçirilýär.Ýagny Saýat etrabynyň merkezi kitaphanasynda “Ýylyň şygary – ösüşe we myrada alyp barýan ýol” atly wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Ýygnakda çykyş edýänler täze gadam basan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýandygyny aýdyp geçdiler.

 Ýene-de ýygnakda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň peder pendini eýerýän  Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyryp, nesilleri bagtyýar durmuşda ýaşatmak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Täze 2026-njy ýylymyz ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin abadançylygyň, üstünlikleriň, ähli ugurlarda uly rowaçlyklaryň ýyly bolmagyny arzuw etdiler!

Çykyşyň soňunda ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň buhgalteri Rozyhal Piriýewa