Türkmenabat şäheriniň “Şanly” toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Çärjew etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň şeýlede etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda “Zenan zeminiň görki” ady bilen aýdym sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresine etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölümüniň, bilim ulgamynyň işgärleri, kümüş saçly enelerimiz, zenanlarymyz gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda çykyş edenler Türkmen Halkynyň Milli Lidiri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda ata-babalarymyzyň asylly däplerinden ugur alynyp kümüş saçly enelerimize, derek boýly zenanlarymyza gül-gunçalara deňelýän gyzlarymyza aýratyn sarpa goýlup olaryň önümçüligiň ähli pudaklarynda erkek adamlar bilen deň hatarda asylly zähmetleriň asyl nusgalaryny görközip zehmetleri çekip geýändikleri dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Zähmetde tapawutlylyk görkezen zenanlarymyzyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolýandyklary hakynda gürüňler edildi. Şeýlede gaýtalanmajak gözelligi çydamlylygy, wepadarlygy bilen tanalýan behişli bedewlerimize goýulýan sarpadan nyşan bolup ilimize dolan bedew ýylynyň aýratynlyklary dogrusynda edenler çykyşlar bolsa baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk dabrasynda kümüş saçly enelerimiziň, zenanlarymyzyň ençemeleri Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň ýörüte sowgatlaryna mynasyp boldular.
Aýdym sazly dabaranyň esasy maksady ojaklarymyzyň öçmez otlary hasaplanylýan kümüş saçly enelerimize, derek boýly zenanlarymyza goýulýan sarpany wagyz etmekden ybarat boldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri
Nasiba Durdybaýewa.