Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlerdir özgerişlere eýe bolýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda-da uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, ak ekinleriň bereketli hasylyny ýetişdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan Dänew etrabynyň edermen babadaýhanlary bugdaýyň, pagtanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny öndürkemde ýylyň – ýylyna ýokary görkezijilere eýe bolýar. Şu günler Garaşsyz baky Bitarap bu ajaýyp watanymyzyň bereketli topraklarynda ýetişdirilen ak altyny ýitgisiz ýygnap almak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Pagta ýygymy möwsümi bu kärendeçiler maşgalasynda hakyky zähmet baýramçylygy ruhunda geçýär. Bu möwsümde maşgalanyň uludan-kiçä hemmesi ýetişdirilen pagta hasylyny çalt zyýansyz ýygnap almagyň aladasy bilen ýaşaýan babadaýhanlarymyz ýüwürük elli ýygymçylaryň ýygan pagtalaryny ýitgisiz, tirkegli traktorlara her dürli ýük awtoulaglaryna ýüklenilip, pagta arassalaýjy kärhanalara ugradylýar. Ýokary hil derejesi bilen kabul edilýän ak pagtadan ak daga bäs edýan bereketli pagta harmanlary döredýär. Kärendeçi pagtaçylar ýylboýy der doküp ýetişdirilen “Ak altynyň” bereketli hasylyny Watan harmanyna tabşyrmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler Sebäbi, gymmatly çig mal bolan pagtanyň bol hasyly ýurdumyzyň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi bolmak bilen, pagtaçy kärendeçileriň maddy hal ýagdaýynyň düýüpli ýokarlanmagyna mümkinçilik açýar. Türkmeniň milli lideri Gahryman Arkadymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň hal - ýagdaýyny ýokarlanyrmak üçin durmuşa geçirýän işlerini, oba hojalygy galkyndyrmak baradaky kabul edilen çözgütleri, şol çözgütleriň esasynda oba hojalygyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, önümçilik ykdysady gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegi türkmen halkynyň, şol sanda edermen babadaýhanlarymyza halal işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürüp, eşretli durmuşda ýaşamaga döwlet tarapyndan döredilen ähli mümkinçilikleri, içeri we daşary syýasatlaryny, biz Türkmennistanyň Agrar partiýasynyň işgärleri bolup edermen babadaýhanlarymyz bilen ýygy ýygydan duşuşup, olaryň arasynda wagyz nesihat işlerini geçirip. Ökde öňde baryjy daýhanlara Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň adyndan höweslendiriji sowgatlr bilen sylaglaýarys. Bize şeýle eşretli durmuşy peşgeş berýän, okamana, öwrenmäne, döretmäne ajaýyp zamanany gurup berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyza köp köp sag bolsun aýdasym gelýä. Goý, ‘’Halkyň Arkadagly zamanasy’’ ýylynda ata Watanymyz has-da gülläp össün, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin hormatly Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Dänew etrap komitetiniň esasy hünärmeni D.Şaýmerda