Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek, bu pudakda zähmet çekýän adamlar üçin amatly şertleri döretmek baradaky çäksiz aladalaryndan ruhlanyp, yhlasly zähmet çekýän daýhanlar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan netijeleri bilen ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.
Altyn güýzde daýhan aladalary has-da artýar. Olar däne ekişini üstünlikli geçirmek bilen birlikde der dökülip, kemala getirilen “ak altynly” pelleriň ak baýlygyny isripsiz ýygnamagyň depgini güýçlendirýärler.
Şeýle zähmet joşguny Saýat etrabymyzda hem barha möwç urýar. Häzirki wagtda köp zähmet siňdirilip, kemala getirilen gowaça hasylyny ýygnamak işi guramaçylykly alnyp barylýar. Ir ertirden giç agşama çenli dowam edýän joşgunly zähmetiň netijeleri bolsa her bir adamy guwandyrýar.
Etrabymyzyň kärendeçileriniň şeýle yhlasly zähmet çekmeginiň, ýokary netijeleri gazanmaga bolan höwesiniň artdyrmagynyň aňyrsynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kärendeçi daýhanlar barada edýän çäksiz aladalarynyň , berýän kömek-goldawlarynyň durandygyny ýene-de bir sapar nygtamak isleýärin. Biz Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň jogapkär işgärleri bolup, kärendeçileriň arasynda ýygy-ýygydan gürrüňdeşlikler geçirip durýarys. Kärendeçileriň, ýygymçylaryň arasynda zähmet bäşlegi yglan edilip, üstün çykanlar ýörite baýraklar bilen höweslendirilip durulýar. Ýygylan pagta üçin kärendeçiler bilen wagtly-wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär. Oba hojalyk işgärleriň öndürijilikli zähmet çekmegi, halal baýamagy üçin ähli mümkinçilikler döredip berýän Türkmen halkynyň millli Lsideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Saýat komitetiniň esasy hünärmeni Kulyýewa Jeren.