Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

“Ekologiýa abadançylygy- sagdynlygyň binýady”

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz diýarymyzda ähli ugurlarda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Şol gazanylýan üstünlikler eziz watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň örän berkdigini bütin dünýä aýan edýär.

Milli Liderimiziň  we Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde daşky gurşawy goramak bababtynda uly işleri amala aşyylýar. Hormatly Prezidentimiziň gözel tebigatymyzy goramak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak bilen bagly möhüm wezipeleri öňümizde goýýar. Tebigatymyzy gorap saklamak we gelejekgi ýaş nesillerimize miras goýmak bu biziň her birimiziň baş maksadymyzdyr.

Soňky döwürlerde Aral deňiziniň suwunyň derejesiniň barha peselip barşy milletler birleşiginiň üns merkezinde durýan uly meseleleriň birine öwrüldi. Şoňa görä Aral meselesi Türkmen döwletiniň hem birjik-de ünsünden düşmeýär.  Aralyň guramagynyň onuň töwereginiň daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsiriniň öňüni almak hormatly Prezidentimiziň BMG-niň baş assambleýasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň mejlislerinde edýän çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň Aral deňizinden göterilýän zyýanly tozanyň öňüni almak maksady bilen birnäçe ýyl mundan ozal Bötendag belentliginiň töwereginde tokaý gorag zolagyny döretmek başlangyjy  bilen çykyş edipdi hem-de bu töwerekde 20 müň gektar meýdanda bag ekmek çäresine ilkinji nahaly oturtmak arkaly özi ak pata beripdi. Araldan göterilýän duzly tozanyň öňüni almak makasady bilen döredilýän tokaý zolagynyň tutuş sebitimizi bütün ýurdumyzy aýratynda biziň welaýatymyz üçin ähmiýeti örän uludyr. Nesip bolsa Bötendag belentliginde tokaýyň döremegi oba hojalygynyň ösmegi üçin gowy şertleri döreder, topragyň hasyllygyny artdyrar, howa şertlerini düýpli gowulandyrar. Şeýle hem ynsanlaryň sagdyn ýaşaýşy üçin ilkinji zerurlyklaryň biri bolan ekologiki ýagdaýlaryň kämilleşmegine daşky gurşawyň  arassa  bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alynyp barylýan BMG-nyň Durnukly ösüş maksatnamalaryna girizilen howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek boýunça dessin çäreleri görmek durnukly ösüşiň hatyrasyna ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini saklap galmak we rejeli ulanmak gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň  rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek tokaýlary rejeli peýdalanmak  çölleşmä garşy göreşmek ýaly maksatlarynyň milli derejede uýgunlaşdyrylmagy bilen bagly işleri durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy ugrunda uly işleri mala aşyrýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň  esasy hünärmeni Baýramkulyýewa Gurbangül