Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmen alabaýlary boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de bu itleri saklamak we köpeltmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň tagallalaryny bir ýere jemlemek maksady bilen, köp sanly işler amala aşyrylýar. Olar hakynda halk döredijiligimizde nakyllaryň, rowaýatlaryň, sanawaçlaryň birnäçe toplumy bar. Ata-babalarymyz uzak ýyllaryň dowamyndaky synçylygynyň netijesinde itler bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary döredipdirler. “It üýrse, myhman geler”, “It gara görmän üýrmez”. “It geldi, gut geldi” ýaly nakyllar muňa mysaldyr. Eli çeper ene-mamalarymyz bolsa, wepaly itiň keşbini özleriniň döreden sungat eserlerine siňdirmegi başarypdyrlar, ak öýleriň gapysynyň daşyndan asylýan eňsilere, sallançak we düşeklik keçelere “tazyguýruk”, “it yzy” nagyşlary salypdyrlar. Alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr.
Türkmençilikde , esasan-da oba ýerlerinde her öýde diýen ýaly it saklanylýar. Bu bir tarapdan, hojalygyň goragy üçin zerur bolsa, ikinji tarapdan, it özüniň eýesi hem-de onuň maşgalasy hakynda gowy zatlary dileg edermiş, eýesine çirksiz wepaly janawaryň dilegi-de kabul bolarmyş diýlip ynanylypdyr. Perzentsöýer türkmen halky hemişe baş döwletini birinji orunda goýup gelipdir.Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýeňişleriň nyşany bolan Türkmen alabaýlaryň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýar. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Gahryman Serdarymyz we Gahryman Arkadagymyzyň jany sag başy dik tutýan her bir tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni Hurma Garaýewa