Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidetimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz 2023-nji ýyl bilen hoşlaşyp, täze 2024-nji “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna gadam basdy. Zähmet ýeňişlerine beslenip, tamamlanan 2023-nji ýylda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň dokma pudagynda hem uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berilen egirme-dokma kärhanalarynda, zawodlarynda babadaýhanlarymyzyň, pileçilerimiziň öndürilin oba hojalyk önümleri gaýtadan işlenip, taýýar önüm, ýüplük we dürli matalar, egin-eşikler görnüşinde ak bazarlarymyzy, söwda nokatlarymyzy üpjün edýärler, artykmajyny bolsa daşary ýurtlara eksport edýärler.
Ynha biz hem döredijilik toparymyz bilen “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda täze gadam basan ýylymyza “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip edilmegi mynasybetli Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde dabaraly çärä gatnaşdyk.
Dabaraly çärä Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň wagyzçylary, ýaşuly we ýaş nesliň wekilleri, Türkmenabadyň pagta egriji fabriginiň işgärleri, Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň dokmaçylyk bölüminiň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Täze ýylyň adyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly çärede Agrar partiýanyň işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, Türkmenabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, Türkmenabadyň pagta egriji fabrigiň ruhybelent işgärleri çykyş etdiler.
Çykyş edenler öz çykyşlarynda täze ýylymyza il-günden gelen teklipler esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilendigi, Hormatly Prezidetimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze ýyl gutlary, Hormatly Prezidetimiziň täze ýylyň öň ýanynda peşgeş beren “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitaby barada, täze ýylda Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunda geçiriljek dabaraly çäreler barada täsirli çykyşlar etdiler. Türkmenabadyň pagta egriji fabriginiň hünärmenleri öz çykyşlarynda fabrikde 600-a golaý işgäriň, 3 salyşykda işleýändihi, bu ýerde zähmet çekýän işgärler üçin ähli şertleriň döredilendigini, fabrige dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary örnaşdyrylandygy, Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen işe girişen bu kuwwatly zawodyň önümleriniň öz ýurdumyzdaky zawod-fabrikler, artykmajyny daşary ýurtlara eksport edýändiklerini gürrüň berdiler we döredilen şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Milletiň ruhy daýanjy, Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirip, täze ýylda täze-täze üstünlikler arzuw etdiler. Soňra dabaraly çärä gatnaşyjylar Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde durmuşa geçirilýän işler bilen ýanyndan tanyşmak maksatly fabrigiň önümhanalaryna aýlanyp gördüler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow