Mälim bolşy ýaly Magtymguly Pyragy belent sarpa mynasyp kämil şahsyýet, akyldar şahyrdyr. Munuň şeýledigine onuň pähim-paýhasa ýugrulan, terbiýe mekdebi derejesine ýeten şygyrlary arkaly aýdyň göz ýetirýäris. Milli buýsanjymyza öwrülen Magtymgulynyň şygylary asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip, milletiň diliniň senasyna öwrüldi we biziň günlerimize gelip ýetdi. Şol goşgularyň çeperçiligini, many-mazmunyny seljereniňde Magtymgulynyň umman ýaly giň we çuň manyly döredijiligine aralaşmaga mümkinçilik alýarys.
Akyldar şahyryň döredijiliginde durmuşyň ähli temalary eriş-argaş bolup geçýär. Ol adamlaryň, halklaryň agzybir gatnaşygyny, jemgyýetde, durmuşda asudalygy, parahatçylygy, abadançylygy, ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly Türki medenýetiniň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar. Şol mejlisiň jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan bu çözgüt Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň şol sanda umumyadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hemde dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen Türksoý guramasy bn gatnaşyklary mundan beýläkde ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Şeýlelikde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine halkara derejesinde taýýarlyk görmegiň çäklerindäki wakalar meşhur söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlaryna ýugrulan döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklaýar.
Berkarar Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan, pyragyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat Ak bugdaý etrap komitetiniň Başlygy Maşad Maşadow