Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

“Ylymsyz bir ýaşar ylymly müň”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda her bir günümiz toýdur baýramlara şanly senelere beslenýär.Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz gün günden gülleýär ösýär özgerýär.Hemmämiziň bilşimiz ýaly her ýylyň iýun aýynyň 12-sinde gözel ülkämizde “Ylymlar” güni uly dabara bilen bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde ägirt uly mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksada okgunly ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur tagallalar gaýgyrylmaz. Ynha şol sebäpli hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti  “Ylymsyz bir ýaşar ylymly müň” atly dabaraly maslahaty geçirdi. Bu dabaraly maslahata Türkmenabat şäher komitetiniň jogapkär işgärleri, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary we işjeň agzalar gatnaşdy. Dabaraly maslahatyň dowamynda  gatnaşyjylaryň ylmy işleri alyp barýan mugallymlaryň birnäçesi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda berkarar Watanymyzyň ähliumumy ösüşleri we ylym ulgamynyň gurluşy ýurdumyzyň ylymda bilimde gazanýan ösüşleri, ylymyň soňky gazananlary, täze innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin alnyp barylýan işler barada giňişleýin beýan etdiler.

Ylym we bilim bu halkymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda toplan hemde nesilden nesle geçiren we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Dabaraly maslahatyň soňunda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, Türkmenistanda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almaklaryny, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmagy üçin  giň mümkinç

ilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýüreginden arzuw etdiler.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hünärmeni Gülzara Bekmemedowa