Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Daşary ýurtlaryň wezipä täze bellenen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Wengriýanyň, Latwiýa Respublikasynyň, Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçileri ýurdumyzda diplomatik işine girişmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomatlar mähirli kabul edendikleri üçin hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli öz döwletleriniň ýolbaşçylarynyň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler hem-de sebitiň parahatçylyk dörediji merkezi hökmünde ykrar edilen, ählumumy bähbitlere netijeli dialogy ýola goýmaga ýardam berýän Türkmenistanda öz ýurtlaryna wekilçilik etmegiň olaryň her biri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

Duşuşyklaryň dowamynda ilçiler Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda innowasion esasda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, döwrebap infrastrukturalary döretmäge, türkmenistanlylaryň rowaçlygyny we ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylyşyna aýratyn üns çekildi.

Şeýle hem diplomatlar durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň köptaraplaýyn işi we düzümleri bilen tanyşdyryldy.

Pikir alyşmalaryň dowamynda ilçiler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň, iri halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler. Diplomatlaryň belleýşi ýaly, olaryň ýurtlary parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, sebitde we dünýäde durnukly ösüşiň gazanylmagyna saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny goldaýarlar.

Ilçiler Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwaty barada aýtmak bilen, söwda-ykdysady, ylym we bilim ulgamlarynda, döwletara gatnaşyklary, şeýle hem dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän medeni dialogy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar öz ýurtlarynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary goldamak we has-da ösdürmek maksady bilen, men jenap Dýula Iştwan Kowaçy Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Onuň ýokary şahsy häsiýetleri öz wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna we makullamagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy we belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy ýetirende beýan etjek ähli sözlerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Katalin NOWAK,
Wengriýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Reýnis Trokşany Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.

Onuň ýokary şahsy häsiýetleri öz wezipesini iň mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony mähirli kabul etmegiňizi we Latwiýa Respublikasynyň adyndan ähli beýan etjeklerine, şeýle hem Size iň gowy arzuwlarymy ýetirende ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Egils LEWITS,
Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Ýurtlarymyzyň arasynda bar bolan dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, hanym Ýekaterini Nassikany Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek baradaky çözgüdi kabul etdim.

Onuň ýokary şahsy häsiýetleri we ukyp-başarnyklary özüniň möhüm borçlaryny Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga mümkinçilik döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden hanym Ýekaterini Nassikanyň meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, aýratyn-da, Size tüýs ýürekden bagtyýarlyk, Türkmenistana bolsa rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirende ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Katerina SAKELLAROPULU,
Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti.