Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX ählihytaý gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Sizi Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz mynasybetli gutlamagy hormat saýýaryn. Bu waka Siziň häzirki zamanyň örän görnükli syýasy işgäri hökmünde abraýyňyzyň ýokarydygyna we alyp barýan parasatly, öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň hytaý halky tarapyndan ägirt uly derejede goldanylýandygyna şaýatlyk edýär” diýlip, gutlag hatynda nygtalýar.

“Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komiteti, onuň özeni bolup, jenap Si Szinpin, Siziň başda durmagyňyzda, hytaý halkyny döwrebaplaşdyrylan sosialistik döwleti hemmetaraplaýyn gurmak maksadyna tarap täze üstünliklere we ýeňişlere ynamly alyp barýar.

Siziň täze eýýamda hytaý aýratynlygy bolan sosializm baradaky taglymatlaryňyz dostlukly hytaý halkynyň öňünde duran sepgitlere ýetmegiň hatyrasyna yzygiderli öňe gitmegi üçin ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Hytaý Kommunistik partiýasynyň üstünlikli geçirilen XX ählihytaý gurultaýy, hakykatdan-da, taryhy waka öwrüldi. Gurultaýda kabul edilen örän möhüm çözgütler ýurduň geljekki yzygiderli ösüşiniň ýollaryny kesgitledi. Häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Biz geljekde-de netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen zerur tagallalary etmegi maksat edinýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.