Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dabaralar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy boldy.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Tatarystany däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlyk, türkmen we tatar halklarynyň taryhy taýdan kemala gelen medeni hem-de ruhy umumylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklar birleşdirýär. Myhman mümkinçilikden peýdalanyp, Arkadagymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady.

Nygtalyşy ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä ýaň saldy. Dünýäniň atşynaslyk medeniýetiniň kemala gelmeginde atlaryň bu täsin tohumyna aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň milli mirasynyň Ýer ýüzünde wagyz edilmegine, alabaý itleriniň tohumynyň goralyp saklanylmagyna hem-de artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman ýagdaýlary bilen baglylykda, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň kemala gelmeginde döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän parlament diplomatiýasynyň ösdürilmeginiň uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi. Parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär.

Arkadagymyz maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek möhüm ähmiýetli çärelere ünsi çekip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumynyň ähmiýetini nygtady. Munuň özi parlamentara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde wajyp orny eýeleýär.

Prezident Rustam Minnihanow şu günki duşuşygyň türkmen-tatar dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýene bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy dürli jemgyýetçilik-medeni çärelerine gatnaşmak üçin Tatarystan Respublikasyna gelip görmäge çagyrdy.

Arkadagymyz geljek aýda Tatarystanda geçiriljek çärelere, şol sanda Wolžsk Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärä, şeýle hem “Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine we her ýyl geçirilýän “Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Biz bu çakylygy ýokary hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hoşlaşyp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanyna ugrady.