Şu gün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Forum her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralyp, ol bu ugurda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemäge, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň, taslamalarynyň durmuşa geçirilişinde ýetilen üstünlikler hem-de sepgitler bilen giň dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga gönükdirilen çäre bolup durýar.
Maslahata ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça düzümleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly sebit we halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri ýüzbe-ýüz görnüşde we sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. «Adamzadyň durnukly ösüşi we ekologik howpsuzlyk halkara hyzmatdaşlyk bilen pugta baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar. Bu sözler ekologik foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň esasy many-mazmunyny özünde jemledi. Plenar mejlisde bellenilişi ýaly, daşky gurşawy goramak ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk we özara halkara baglanyşyk ählumumy ekologik meseleleri dünýäniň ýöriteleşdirilen guramalary we dünýä döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda çözmek başlangyjy bilen çykyş edýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu sanly ulgam arkaly eden çykyşynda bu guramanyň oba hojalygyny daşky gurşaw täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmek, azyk howpsuzlygyny berkitmek boýunça maksatlara ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýandygyny nygtady. Munuň şeýledigine ýer kadastry boýunça tehniki hyzmatdaşlygyň maksatnamasynyň bilelikde işlenip düzülen taslamasy hem şaýatlyk edýär. Ol ýerleriň ulanylyşynda esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge, durnukly usullary ornaşdyrmaga we gyzyklanma bildirýän ähli taraplara ýer serişdelerine deň elýeterliligi üpjün etmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, FAO “Hemra suratlarynyň we geografik maglumat ulgamlarynyň kömegi bilen öri meýdanlarynyň monitoring ulgamyny gowulandyrmak”, “Balyk gorlaryna baha bermek we gözegçilik etmek” ýaly başlangyçlaryň çäklerinde Türkmenistana tehniki taýdan kömek bermäge meýillidir.
Türkmen tarapyndan çykyş edenler Aralýaka sebitde döräp biljek tebigy ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça soňky ýyllarda taýýarlanan taslamalarda diňe bir ylmy usullaryň ulanylman, eýsem, ýokary derejeli döwrebap tehnologiýalaryň hem ornaşdyrylmagy babatda işleriň ilerledilýändigini bellediler. Şeýle ugurlaryň biri hökmünde dürli landşaftlaryň ýerüsti we ösümlik goruny anyklamak arkaly uzak aralykdan zondirlemek boýunça tehnologiýalary görkezmek bolar. Bu tehnologiýalar esasynda alnan maglumatlar arkaly sanly ulgamyň üsti bilen gözegçiligi alyp barmak, biodürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen milli meýilnamalary gysga wagtyň içinde işläp taýýarlamak mümkin.
Maslahatyň “Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň ähmiýeti” ady bilen geçirilen ikinji mejlisinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara ekologik terbiýe bermek, ony okatmak boýunça usulyýetleriň aýratynlyklary we bu ugurda tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurak howaly ýurtlarda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň ekologik taraplary barada durlup geçildi. Biziň ýurdumyzda ylymda gazanylanlaryň, suw serişdelerini tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna suwuň netijeli ulanylmagyna we ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ilaty arassa suw bilen üpjün etmek maksady bilen, netijeli işler alnyp barylýar. Suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze suw howdanlary we desgalary gurulýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda tebigaty goramak bilen bagly alnyp barylýan işler üçin maslahata gatnaşyjylaryň döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygy beýan edilip, tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagy we daşky gurşawyň goralmagy babatda ekologik taýdan ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda ähli tagallalaryň ediljekdigi beýan edilýär. Maslahatyň çäginde Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda tebigaty goramak ulgamynda ýurdumyzda ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi hem guraldy. Onda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine möhüm orun berildi.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da ýaýbaňlandyryldy.