Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna ynsanperwer kömegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýola goýlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ynsanperwer gatnaşyklara, hususan-da, dost-doganlyk kömegini bermek bilen baglanyşykly işlere uly ähmiýet berilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwer kömegini ibermek maksady bilen, gol çeken Buýrugy hem şeýle asylly işleriň ýurdumyzyň möhüm ileri tutýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, 2 müň tonna  möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde ýurdymyzdan Gyrgyz Respublikasyna ugradyldy.   

Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerine we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan Bitarap Watanymyzdan Gyrgyz Respublikasyna ýurduň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlar nazara alnyp, türkmen halkynyň adyndan ynsanperwer kömegi hökmünde ugratmak bellenilen 2000 tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz muzdsuz taýýarlanyldy. 

Hyzmatdaş ýurda ugradylan ynsanperwerlik ýüki hökmündäki suwuklandyrylan gaz gyrgyz halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna goldaw bermek ugrunda edilýän tagallalara türkmen halkynyň özboluşly goşandydyr. 

Gyrgyz Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Bu ýurda türkmen halkynyň adyndan suwuklandyrylan gazyň iberilmegi çylşyrymly pursatda doganlyk kömegini bermekde hoşniýetli erkiň nobatdaky ýüze çykmasydyr.