Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki wagtda Arkadag şäherini ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu bolsa täze şäheriň binagärlik keşbiniň döwrüň talabyna laýyk derejede özgerdilmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Şunda gurluşyk işlerinde iň täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy iş tejribesiniň netijeli peýdalanylmagy ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Milli Liderimiz Çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny, önümçilik toplumynda işgärleriň netijeli işini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Şunda ekologik kadalaryň berk berjaý edilmegi, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we görkezilen taslamalar babatda birnäçe bellikleri aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurulýan desgalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow desgalaryň daşky bezeg aýratynlyklary, olarda ulanylýan mermer daşlarynyň görnüşleri barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde “akylly” şäheriň binalarynyň timarlaýyş işlerinde ulanylýan serişdelere, mermer daşlarynyň hil derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa işleriň ýokary ekologik talaplara, halkara ülňülere doly laýyk gelmegini şertlendirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Täjigistan Respublikasynda saparda bolan mahalynda dostlukly ýurtda öndürilýän mermer daşlarynyň hiline ýokary baha beripdi. Bellenilişi ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Täjigistanda saparda bolup, ol ýerde mermer daşlarynyň önümçiligi bilen tanyşdy. Dostlukly ýurtda öndürilýän mermer daşlary hil we amatlylyk babatda täze şäheriň gurluşygyna, bezeg aýratynlyklaryna bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Munuň özi Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň artýandygyny we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, desgalaryň bezeg işleriniň, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurulýan desgalarda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň özboluşly aýratynlyklaryna mahsus reňk sazlaşygynyň emele getirilmeginiň, her welaýata degişli senetçilik aýratynlyklarynyň görkezilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu babatda ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaş ýurtlardan getirilýän mermer we beýleki bezeg daşlarynyň ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan gaýtadan işlenilip, zerur bolan şekilleriň döredilmeginiň guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, ýerli işewürleriň elinden çykan bezeg daşlarynyň we germewleriň täze desgalaryň gurluşygynda, timarlaýyş işlerinde ulanylmagyny oňlady. Gurluşyk işleri bilen bir hatarda, desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna, içki we daşky bezeg aýratynlyklaryna, dynç almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine ähmiýet berilmelidir. Aýratyn-da, bu ýerlerde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy, olara ideg edilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişelik üns merkezinde saklanylmalydyr.

Hormatly Arkadagymyz önümçilik toplumlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we binalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Liderine şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň, şol sanda Çeper halyçylyk kärhanasynyň taslamalary görkezildi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigi nazara alnyp, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň bu ugra gönükdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň binagärlik keşbi, onuň ekologik derejesi şähergurluşyk maksatnamasynyň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda bu ýerde guruljak binalaryň we kärhanalaryň taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy, degişli düzedişleri girizdi. Şunda binalardyr desgalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagy, ekologik kadalaryň saklanylmagy, uzak möhletleýinlik hem-de estetik keşbiniň berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar.

Şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyrylmalydyr. Önümçilik toplumlarynyň işine sanly ulgam we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylmalydyr. Şunda şäherde ekologik abadançylygy üpjün etmek, onuň binagärlik keşbiniň tebigat bilen sazlaşygyny gazanmak üçin zerur tagallalar edilmelidir. Täze desgalar Arkadag şäheriniň bir bitewi binagärlik keşbini emele getirmelidir. Şäheriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde derwaýys ähmiýeti bolan önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň enjamlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklaryna hem örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän “Guwlyduz” önümçilik toplumyna bu ýerde öndürilýän önümleriň ekologik menejment talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO 14001; bu kärhananyň lukmançylyk önümleriniň menejment hil ulgamyna laýyk gelýändigi baradaky ISO 13485; toplumdaky duz önümçiliginiň menejment hil ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky ISO 9001 güwänamalary berildi. Munuň özi ýurdumyzdaky lukmançylyk edaralary üçin niýetlenen önümleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu önümleriň ykrar edilmeginiň olaryň hil babatda ýokary derejä eýedigini alamatlandyrýandygyny belläp, lukman Arkadagymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň lukmançylyk klasteri üçin önümleri öndürýän dürli düzümlerine halkara güwänamalaryň berilmeginiň möhümdigini aýdyp, Milli Liderimiz olaryň Diýarymyzyň önümçilik kuwwatlyklarynda alnyp barylýan işleriň dünýä ülňülerine laýyk derejede ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça işleriň, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda alnyp barylýan işlerde häzirki zamanyň ösen tejribesi we täzeçil tehnologiýalar netijeli ulanylmalydyr. Şäheriň gurluşygynda ekologik meselä aýratyn orun degişlidir. Bu ýerde bina ediljek dürli maksatly desgalar milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman nusgasyny özünde jemlemelidir.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek bilen baglanyşykly işleriň talabalaýyk derejede dowam etdirilýändigi we bu işleriň yzygiderli üns merkezinde saklanylýandygy barada aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz şäherde abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, olary göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň aýdyň mysaly bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary görkezijilerine doly laýyk gelýär. Ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher derejesine eýe bolan döwrebap şäheriň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy taslama taýýarlaýjylara we gurluşykçylara bildirilýän esasy talapdyr.

Arkadag şäheriniň ýaşlaryň hem-de döredijiligiň şäheridigini, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerinde döwrüň döredijilik mümkinçilikleriniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli dowam etmegi tabşyrdy.

Desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik, bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Binalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda binagärlik, bezeg ulgamyndaky gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Garaşsyzlyk baýramyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny, täze taryhy döwürde bellenilýän şanly seneleriň milli ýörelgelere laýyklykda dabaralandyrylmalydygyny nygtady. Şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilýän dabaralarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz dürli maksatly desgalar bina edilende, olaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, gurluşyk işlerine we bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini ýene bir gezek belläp, hemmelere öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.