Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Halkara ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle-de Abu Aly ibn Sinanyň köpugurly mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen maslahat utgaşykly görnüşde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi.

Alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik we psiholog, dermanlary öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdulla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina X-XI asyryň beýik şahsyýetleriniň biridir. Günbatar döwletlerinde ol Awisenna ady bilen giňden tanalýar. Haçan-da onuň ady tutulanda, bilimleriň baý dünýäsine eýe bolan we şolaryň ählisini 29 ylmy ugur boýunça 450 kitapda beýan eden meşhur ensiklopediýaçy alymyň keşbi göz öňüňde janlanýar.

Abu Aly ibn Sinanyň ömri türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ömrüniň 12 ýylyny Gündogaryň ylym merkezleri hökmünde giňden tanalan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde geçiren alym özüniň ýiti zehini, paýhasy, tejribesi, binýat goýujy nazaryýetleri bilen ylmy açyşlary edip, gaýtalanmajak eserleri döredip geljek nesillere uly miras galdyrypdyr. Ibn Sinanyň öz döwrüniň ylym kerweniniň başyny çeken beýik şahsyýetler — taryhçy, astronom, geodezik Abu Reýhan Biruny, filosof, lukman we matematik Abul-Haýr Hammar, meşhur pir we şahyr Abusagyt Abylhaýyr — Mäne baba bilen halypa-şägirtlik we ussatlyk gatnaşyklary, bu akyldarlaryň ylmyň baýlaşmagyna goşan goşantlary halkymyz üçin aýratyn buýsançlydyr.

Forum bagşy-sazandalaryň çykyşlary hem-de Gahryman Arkadagymyzyň eserleri aýratyn orny eýelän ýörite sergi bilen utgaşdyryldy. Bu bolsa maslahatyň işine aýratyn öwüşgin çaýdy. Foruma ýurdumyzdan we daşary ýurtlaryň birnäçesinden alymlar, professor-mugallymlar, hünärmenler çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Gündogarda “Alymlaryň baştutany”, Günbatarda “Akyldarlaryň serdary” diýen derejelere mynasyp bolan Abu Aly ibn Sinanyň biziň günlerimize gelip ýeten eserleri, ylmy-pelsepewi döredijiligi geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýän gymmatly hazynadyr, bütin adamzadyň guwanjydyr. Dünýä ylmynda Awisenna ady bilen tanalan Abu Aly ibn Sina, döwrüniň “ilkinji Gippokraty” hasaplanan Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Jelaleddin Hydyr ýaly görnükli lukman-alymlaryň ýörelgeleri, halk lukmançylygynyň tejribeleri, häzirki zaman ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlary esasynda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde we lukmançylyk ylymlaryny ösdürmekde ägirt uly işlere badalga berildi diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Umumy mejlisde çykyş edenler Abu Aly ibn Sinanyň ylymda gazanan üstünliklerine, häzirki zaman lukmançylyk ylmyna goşandyna ünsi çekdiler, şeýle hem alymyň keselleriň öňüni almakda, bejermekde aýdan parasatly sözlerini beýan etdiler.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow, Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Kasimiýýah uniwersitetiniň rektory Awad Al-Halaf, Russiýa Federasiýasyndan Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň prorektory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Larisa Udoçkina, Türkiýe Respublikasyndan Uludag uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Hidaýet Peker, Özbegistan Respublikasynyň Lukmançylyk işgärleriniň hünär kämilleşdiriş merkeziniň professory Urazmat Jumatow, Türkiýe Respublikasynyň Biruny uniwersitetiniň professory Nezih Hekim, Stambul uniwersitetinden, weterinariýa lukmançylygynyň doktory, professor Serkan Ikiz dagylar Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň gymmatly mirasy, lukmançylyk ylmynda gazanan üstünlikleri, häzirki zaman lukmançylyk biliminde Awisennanyň orny, beýik akyldaryň eserleriniň pelsepe aýratynlyklary ýaly köpugurly mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň, lukmançylyk ylmynyň kämilleşdirilişi, halkara derejede ykrar edilýän lukmançylyk diplomatiýasynyň üstünlikleri-de beýan edildi.

Daşary ýurtly myhmanlar türkmen alymlary bilen dünýä lukmançylyk ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Abu Aly ibn Sinanyň şahsyýetini, ylmy-döredijilik, lukmançylyk mirasyny, beýik akyldaryň ýaşan zamanasynyň syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlaryny, onuň dünýä halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, köpöwüşginli dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny, lukmançylyk ýörelgelerini öwrenmek boýunça pikir alyşdylar.

Halkara ylmy maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, ýaş alymlar, şeýle-de daşary ýurtlardan myhmanlar — Russiýadan, Germaniýadan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Ermenistandan we beýleki döwletlerden alymlar sanly ulgam arkaly işjeň gatnaşdylar. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ýokary hünär derejeli, ruhy-medeni gymmatlyklary doly ele alan, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýeti kemala getirmegiň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň möhüm wezipeleriniň biridigi nygtaldy. Şeýle şahsyýetlere Awisenna hem gürrüňsiz degişlidir. Ol lukmanyň esasy häsiýetleriniň nähili bolmalydygy barada aýdyp geçipdir.

Keselleri anyklamagyň we bejermegiň täzeçil usullary babatda nusgawy maglumatlaryň seljerilmegine we baglanyşdyrylmagyna, şolar esasynda bedeniň üýtgeýän häsiýetleri barada täze garaýyşlary öňe sürmäge esaslanýan lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermek işine aýratyn üns çekildi. Şundan ugur alyp, Awisennanyň Galeniň, Aristoteliň we Platonyň ideýalaryny ösdürmegi dowam etdirendigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, ol lukmançylyk mekdebiniň döredilmegine uly goşant goşupdyr, alymyň lukmançylyk nazaryýeti we ylmy usulyýeti asyrlaryň dowamynda Ýewropada, yslam dünýäsinde giňden peýdalanylypdyr. Şeýle hem onuň neýrobiologiýa, kliniki psihologiýa we adam saglygyny goramagyň beýleki ugurlaryndaky goşan goşandy bellärliklidir.

Ylmy maslahat öz işini Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen üç bölümde dowam etdi. “Alym Arkadagymyzyň lukmançylyk taglymaty we Abu Aly ibn Sinanyň ylmy mirasy” diýlip atlandyrylan birinji bölüm alymyň fiziki işjeňlikdäki ylmy mirasy: subutnamalara esaslanýan lukmançylygyň gazananlary we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň teklipleri bilen meňzeşlikler, ýokanç kesellere garşy göreş, Türkmenistanyň dermanlyk florasynyň birnäçe möhüm wekillerini etnobotaniki ylmy jähetden öwrenmek ýaly beýleki ugurlary öz içine aldy.

Abu Aly ibn Sinanyň ylmy mirasynda iýmitlenmek, saglygy berkitmek üçin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ähmiýeti hakynda aýdanlary, lukmançylyk mirasynyň ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda eýeleýän orny, lukmançylyk etikasynyň esasy düşünjeleri baradaky çykyşlar aýratyn gyzyklanma döretdi. Alymyň ylmy mirasynda “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly ajaýyp işi möhüm orny eýeleýär. Ol ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda diňe bir Gündogar halklarynda däl, eýsem, Günbatar Ýewropa ýurtlarynda hem lukmançylyk boýunça esasy gollanma bolup hyzmat edipdir. “Lukmançylyk ylmynyň kanunlarynyň” köp jiltli kitaplary Ýewropada 1953-nji ýylda neşir edilýär. Bu ylmy iş häzirki günlere çenli hem öwrenilip gelinýär. Awisennanyň bu işi lukmanlaryň öz ugurlarynda ýüzlerçe ýyl öňe gitmegi üçin gollanma bolup hyzmat edipdir. Lukmançylyk ensiklopediýasynda keseller we olaryň alamatlary, bejergi usullary ýokary derejede ulgamlaşdyrylypdyr.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli düýpli ylmy işiniň ähmiýeti bellenildi. Onda “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilip, bu köp jiltli eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň täze, 15-nji jildiniň çap edilmegi şatlygymyzy has-da goşalandyrdy diýip, çykyş edenler buýsanç bilen bellediler.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi. Bu düýpli ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy, halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.

Forumyň “Abu Aly ibn Sina we onuň zamanasy” diýlip atlandyrylan bölüminde alymyň ABŞ-da saklanylýan golýazma eserleri, Awisennadan ozal ýaşap geçen alymlar, onuň döwürdeşleri we yzyna eýerijiler, meşhur lukmanyň ylmy mirasynyň Gündogar hem-de Günbatar medeniýetleriniň arasyndaky arabaglanyşyk köprüsi hökmünde ähmiýeti, türkmen halkynyň medeni mirasynda onuň garaýyşlarynyň beýan edilişi, şeýle-de beýleki ugurlar boýunça çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, özünde tebigaty öwreniji alymyň, lukmanyň, filosofyň, söz ussadynyň zehinini bir ýere jemlän Awisennanyň şahsyýeti arap-pars we Ýewropa orta asyr paýhas derejelerinden has ýokary bolup, onuň ylmy, şahyrana eserleri häzirki günde hem ähmiýetini ýitirmeýär. Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda beýik alymyň işleri barada giňişleýin durup geçmek bilen, adamzat ösüşiniň taryhynda Abu Aly ibn Sinanyň köp nesiller, ylmy we ruhy taýdan kämilleşmegiň ýokary derejesine ýetmek isleýänler üçin nusga bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.

Wolga Bulgariýasy döwründe Powolžiýanyň we ural halklarynyň Horezm, Türkmenistanyň, Merkezi Aziýanyň, Orta Gündogaryň beýleki sebitleri bilen söwda-ykdysady, taryhy-medeni gatnaşyklary, Awisennanyň hem-de Birunynyň özara alşan hatlarynda beýan edilen dünýäniň gurluşy baradaky pikirleri, alymyň edebiýat barada aýdanlary boýunça mowzuklar hem uly gyzyklanma eýe boldy. “Abu Aly ibn Sinanyň eserleriniň umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakdaky orny” atly üçünji bölüm umumadamzat gymmatlyklary, Ibn Sinanyň filosofik mirasynda sabyrlylyk ýaly mowzuklar bilen dowam etdi. “Bejeriş hakynda kitap” atly işde saz ylmy, “Gündogar filosofiýasy” kitaby barada hem pikir alşyldy.

Nygtalyşy ýaly, Awisennanyň möhüm işleriniň biri-de “Bejeriş hakynda kitap” bolup, bu köp jiltli eser logika, matematika ylymlary, fizika we metafizika ýaly ugurlarda garaýyşlarydyr nazaryýetleri özünde jemleýär.

Beýleki bir meşhur işde — “Lukmançylyk ylmynyň kanunlarynda” Awisenna kiçijik janly organizmleriň adamyň kesellemegine täsir edip bilýändigi baradaky täsin çaklamany öňe sürüpdir. Onuň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly kitabynda dermanlyk çig malynyň, derman serişdeleriniň taýýarlanyşy we peýdalanylyşy ylmy taýdan beýan edilýär. Awisennanyň sazyň nazaryýetine goşan goşandy hem uludyr. Alymyň işlerinde taryhda ilkinji gezek saza matematika, sosiologiýa, psihologiýa we fiziologiýa nukdaýnazaryndan garalypdyr.

Alymyň filosofiýanyň meselelerine degişli işleri aýratyn nygtaldy. Awisenna filosofiýa çynlakaý ugur hökmünde adama durmuşyň manysyna düşünmäge we ondan diňe tagalla etmegi däl-de, degişli tebigy ukyp-zehininiň bolmagyny hem talap edýän taglymat hökmünde garaýar. Häzirki döwürde Abu Aly ibn Sinanyň latyn diline terjime edilen filosofik eserleriniň gadymy golýazmalary örän seýrek duşýan bolsa-da, “Lukmançylyk ylmynyň kanunlarynyň” nusgasyny tapmak mümkindir. Onuň esasynda birnäçe asyryň dowamynda lukmançylyk ylmy kemala gelipdir. Foruma gatnaşyjylar orta asyr Gündogarynyň ensiklopediýaçy alymy Awisennanyň kitaplarynyň arasynda saglygy goraýyş işgärleri, lukmanlar we tebipler üçin asyrlaryň dowamynda möhüm gollanma bolan “Lukmançylygyň etiki kanunlary” eseriniň ähmiýetini bellediler.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Çuň manyly “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen paýhasly şygar ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ýörelgeleriniň biri hökmünde kesgitlenip, ol giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar.

Foruma gatnaşýan daşary ýurtly wekiller türkmen kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, özara gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary hakynda pikir alyşdylar.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar forumyň netijeli işine gönükdirilen ähli zerur şertleriň döredilendigi hem-de hemmetaraplaýyn goldawy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

***

Şu gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň tapawutlanan işgärleriniň “Arkadag” medaly bilen sylaglanylmagy, şeýle hem paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralaryna “Toyota Camry” awtoulaglarynyň sowgat berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.