Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda ýokary depginde ösdürilýän dostluk we doganlyk gatnaşyklary soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Munuň özi Siziň bu gatnaşyklaryň berkidilmegine hemişe aýratyn üns bermegiňiziň we ägirt uly şahsy goşant goşmagyňyzyň netijesinde mümkin boldy” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär. Ýurtlarymyzyň köpugurly gatnaşyklarynyň üstüni ýetirýän parlamentara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewi şanly 65 ýaş toýy bilen ýene bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, bagt we alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.