Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministr Fumio Kisida hem-de Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Hiroýuki Hosoda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.

“Sindzo Abe görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolmak bilen, Ýaponiýanyň ynamly öňe gitmegine, şol bir wagtyň özünde-de dünýä ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen oňyn hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşdy” diýmek bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Sindzo Abeniň ýagty ýadygärliginiň biziň halkymyzyň hakydasynda müdimilik galjakdygyny belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu agyr pursatda merhumyň ejesi Ýoko Abe, onuň maşgalasy Akie Abe, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna, şeýle-de Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.