Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde geçirilen duşuşykda Türkiýäniň Parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda saparda bolýan parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen parlamentiniň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäkli görnüşde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýe Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy hem-de wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kanun çykaryjylyk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglylykda, alyp barýan esasy iş ugurlary hem-de wezipeleri, parlamentiň düzümi bilen tanyşdyryldy. Bu ulgamyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi döwlet ösüşiniň giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşyny has-da çaltlandyrmaga ýardam berer.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda kanun çykaryjylyk ulgamynyň dünýä tejribesiniň esasy ugurlaryny öz içine alýan ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi. Işlenip taýýarlanylýan hem-de kabul edilýän kanunçylyk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan syýasy, ykdysady we durmuş ösüşi babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir.

Öz nobatynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop türkmen-türk parlamentara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen nygtap, muňa Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýardam edýändigini belledi.

Duşuşyga gatnaşyjylar dostlukly ýurduň parlament wekiliýetiniň Aşgabada resmi saparynyň iki doganlyk döwletiň doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýändigi baradaky pikiri aýtdylar. Söhbetdeşler iki ýurduň parlamentarileriniň doly derejeli döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändiklerine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyny hem-de deputatlaryny 2023-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.

Çäkli düzümde geçirilen duşuşykdan soňra, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop deputatlaryň öňünde çykyş etdi. Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa belent mertebeli myhmana söz berip, deputatlary Türkiýäniň milli parlamentiniň ýolbaşçysynyň terjimehaly bilen tanyşdyrdy.

Ýygnananlara ýüzlenip, Mustafa Şentop Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan hem-de ähli türk halkynyň adyndan türkmen parlamentarilerine we halkyna mähirli salamy, iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy gadymy türkmen topragynda bolmaga şatdygyny belläp, öz çykyşyny meşhur türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň mähriban Watanymyza bagyşlan goşgy setirleri bilen başlady:

Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,

Galplygam etmedim, Hudaýa şükür.

Käte göge galdym, kä gökden indim,

Emma hiç ýitmedim, Hudaýa şükür.

Biz umumy ata-babalarymyz Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Ärtogrulyň, Alp Arslanyň, Soltan Sanjaryň nesilleridiris, biziň köklerimiz, dinimiz birdir diýip, Mustafa Şentop Aşgabatda geçirilýän şu gezekki duşuşygyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistan — biziň taryhy Watanymyz, biz Aşgabady Ankaradan aýry görmeýäris diýip, Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar edendigini hem-de 30 ýyl mundan ozal bu ýerde öz diplomatik wekilhanasyny açandygyny belledi. Türkmen topragynda türk diplomatlaryny, işewürlerini, gurluşykçylaryny, medeniýet we sungat işgärlerini hemişe aýratyn myhmansöýerlik bilen garşylaýarlar. Hyzmatdaşlygyň geçen ýyllarynyň dowamynda özara hormata esaslanýan ygtybarly gatnaşyklar ýola goýuldy, biziň güýjümiz şundadyr, biz öz doganlyk ýurtlarymyzyň parahatçylykly, durnukly ösüşine ynanýarys diýip, türk parlamentiniň ýolbaşçysy nygtady.

Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy halkara gün tertibiniň meselesine geçip, Türkiýäniň adalatlylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de halkara guramalaryň çäklerinde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary goldaýandygyny aýtdy. Mustafa Şentopyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy XXI asyrda dünýäniň ykdysady taýdan ösen öňdebaryjy ýurtlarynyň birine öwrüldi. Gurluşyk, awiasiýa, syýahatçylyk pudaklaryndan başga-da, Türkiýe goranmak senagatyny işjeň ösdürýär. Ýurtda öndürilýän önümleri bilen halkyny üpjün edýär. Türkiýe Respublikasy parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasaty alyp barmak bilen, dünýäniň dürli künjeklerinde ýüze çykýan jedelli meseleleriň oňyn çözülmegini ugur edinýär diýip, Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy häzirki ýagdaýda döwletleriň sebit hem-de halkara guramalarda hyzmatdaşlygynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Biziň ýurtlarymyz ykdysadyýetde hem, ulag, energetika we köp sanly beýleki ugurlarda hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler diýip, hormatly myhman Türkiýäniň ählumumy we adalatly dünýä gurluşyna ýardam berýän şeýle netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Mustafa Şentop halkara gatnaşyklary kadalaşdyrmakda täsirli gurala öwrülen Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdy okgunly ösdürmekde eýeleýän ornunyň ähmiýetini aýratyn nygtap, Türkiýäniň türkmen döwletiniň Baştutanynyň ähli oňyn başlangyçlaryna zerur bolan goldawy bermäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistan öz syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guramak bilen, günsaýyn täze üstünlikleri gazanýar hem-de halkara giňişlikde öz ornuny pugtalandyrýar, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň, gülläp ösüşiň nusgasyna öwrülýär diýip, dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi hem-de Türkiýäniň ozalky bolşy ýaly, Türkmenistany ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hemişe goldajakdygyny nygtady. Bitarap Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz parahatçylyga, durnuklylyga, diňe bir sebitde däl, bütin dünýäde hem abadançylygyň kemala gelmegi ugrunda bilelikdäki tagallalarymyzyň rowaçlanmagyna ýardam berýär diýip, Mustafa Şentop aýtdy.

Myhman Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň işine gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtap, biziň ýurdumyzyň bu halkara düzüm bilen hyzmatdaşlygynyň türki halklaryň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrjakdygyna hem-de çuňlaşdyrjakdygyna ynam bildirdi. Mustafa Şentop parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň zerurdygy barada aýdyp, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bilen gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna köp ýyllaryň dowamynda uly goşant goşup gelýän hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy, şeýle-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleri üçin hoşallygyny beýan etdi.

Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy Mustafa Şentop: “Bizi dilimiziň, dinimiziň, taryhymyzyň, medeniýetimiziň umumylygy birleşdirýär, doganlyk gatnaşyklarymyzy baglanyşdyrýan ýollar ýagtydyr hem-de mizemezdir, biziň bilelikdäki tagallalarymyz halklarymyzy röwşen geljege ýetirer” diýen joşgunly sözler bilen çykyşyny jemläp, duşuşyga gatnaşyjylara üns berip diňländikleri we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar arkaly kabul edildi.

Mejlisiň deputatlarynyň adyndan belent mertebeli myhmana netijeli çykyşy üçin hoşallyk bildirip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysyna we türk kärdeşlerine ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirilen işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.