Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny, ähli türkmenistanlylara parahatçylyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň iri we abraýly guramanyň ýolbaşçysyna hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, myhmany bereketli türkmen topragynda mübärekledi hem-de onuň şu gezekki saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna umyt bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyz halkara durmuşa işjeň gatnaşýar we netijeli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär.

Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalar, şol sanda “Halkara parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe goldaw bermekde we berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti”, “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamalar biragyzdan goldanyldy. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen, 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama kabul edildi. BMG-ä agza ýurtlaryň 68-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Şeýlelikde, soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan yzygiderli çäreler parahatçylyk diplomatiýasynyň we özara hormat goýmagyň ilerlemegine, köptaraplaýyn halkara dialogyň diplomatik akyma ugrukdyrylmagyna möhüm goşant boldy. Häzirki wagtda bu giň möçberli işler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde üstünlikli dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan we BMG giň ugurlar boýunça, şol sanda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika we ulag, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle hem ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa meseleleri ýaly wajyp ulgamlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.

BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygymyz ýurdumyzyň öňe süren sebit we ählumumy häsiýetli möhüm başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň, maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de Türkmenistanyň soňky ýyllarda Milletler Bileleşiginiň birnäçe komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň ýolbaşçy düzümine girendigini, ençeme gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi söhbetdeşligiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Miroslaw Ýençä Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini we başlangyçlaryny, hususan-da, sebitiň döwletleri bilen goňşy ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekde tagallalaryny doly goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de merkeziň işiniň mundan beýläk-de uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Ýençä berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.