Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine enesiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesiniň – Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de täjik halkynyň adyndan ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýetirdi. Prezident Emomali Rahmon Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň Watana, mähriban ojaga wepaly maşgalanyň sütüni we mertebesi hökmünde ýaş nesiller üçin nusga bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza we olaryň ýakynlaryna şu kyn pursatda durnuklylygy arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gynanç bildirendigi üçin, Täjigistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, agyr ýitgi zerarly şu kyn günlerde ýakyn dost tarapyndan berilýän uly goldawyň möhümdigini belledi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany ýürekden gynanç bildiren sözleri üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we uly üstünlikleri, täjik halkyna bolsa, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.