Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalarykabul etmek möwsümi başlandy

14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 17-nji iýul — 28-nji awgust aralygynda guramak tabşyryldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli döwlet toparynyň düzümini tassyklady. Bu topara kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Mundan başga-da, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

Bilim edaralarynyň sanynyň ýylsaýyn artmagy ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa, öz gezeginde, ýokary hünär derejeli ýaş işgärleriň barha köp sanlysyny taýýarlamagy talap edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna şu ýyl ilkinji gezek talyplar kabul edilýär. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde atçylyk, atçylyk weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetleri bar.

Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýokary hünärli işgärlere bolan zerurlygyny nazara almak bilen, täze hünär bilim edaralary açylýar. Şolaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bar. Olaryň birinjisinde 5-6-njy synplarda matematika, informatika, geografiýa, rus we iňlis dillerini okatmaga hukugy bolan başlangyç synp mugallymlary, şeýle hem çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçiler taýýarlanar. Lukmançylyk mekdebinde birnäçe hünärler we ugurlar boýunça orta hünär bilimli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmek boýunça degişli ýolbaşçylaryň öňünde duran möhüm wezipä ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylykly we adalatly geçirilmelidigini, jemgyýetçilik gözegçiliginiň üpjün edilmelidigini aýratyn nygtady. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine ýaş nesliň zehinli, mynasyp wekilleri kabul edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Kabul edişlik möwsümi ilkinji gününden ýokary işjeňligi bilen tapawutlandy. Munuň özi ýaşlaryň täze bilimlere ymtylýandygyna hem-de Watanymyzyň intellektual, ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna öz goşantlaryny goşmaga çalyşýandyklaryna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde orta mekdepleriň uçurymlary üçin ýörite gepleşikler taýýarlanyldy. Olarda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde geçirilen “Açyk gapylar” günleri barada gürrüň berildi.

Bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplary meýilnamalaýyn esasda bilim alýarlar. Bu ulgamdaky özara gatnaşyklar Ýewropa sebitiniň döwletleri, şol sanda Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Rumyniýa bilen ýylsaýyn giňeldilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde bu dostlukly ýurt maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, oba hojalygy, matematika, tehniki we tebigy ylymlar boýunça ýokary hünär bilimini almaga isleg bildirýänlere 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyp orunlaryny hödürledi. Resminamalary kabul etmek işi 10-njy iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde başlandy we ol 20-nji iýula çenli dowam eder. Şeýle-de bu ýerde giriş synaglary geçiriler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaş türkmenistanlylaryň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin döwletimiz mundan beýläk-de yzygiderli esasda ähli mümkinçilikleri döreder. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bilim bermek işine innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça işler geljekde-de dowam etdiriler.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda bilimli ýaş nesli kemala getirmek, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň bähbidine ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine uly üns berilýär.