Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýokary hünärli harby gullukçylar — Watanymyzyň ygtybarly goragynyň kepili

Şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy. Bu waka mynasybetli guralan dabaraly çäreler ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem-de içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine gül desselerini goýmak bilen başlandy. Olaryň durmuş ýoly ýaş türkmenistanlylar üçin watansöýüjiligiň, beýik mertebäniň nusgasy boldy. Gül desseleri “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna hem goýuldy.

Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Harby akademiýanyň diňleýjileriniň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, şeýle hem M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň hormatyna dabaralar guraldy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine, professor-mugallymlaryna şanly waka mynasybetli iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: “Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, milli Ýaragly Güýçlerimizde maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň parahatçylygyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli harby hünärmenleriň ýokary derejeli taýýarlygyna baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, harby ýokary okuw mekdeplerinde watansöýüji, harby işe jany-teni bilen berlen, harby tehnikalary, söweşjeň başarnyklary, endikleri özleşdirýän ussat serkerdeleri we harby hünärmenleri taýýarlamakda serkerde-mugallymlara aýratyn orun degişlidir” diýlip bellenilýär.

Soňra ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar, döşe dakylýan nyşanlar we serkerdelik şahsyýetnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Kalplary ata Watana buýsanç duýgularyndan doly ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly harby däplerini uly hormat bilen mynasyp dowam etdirjekdiklerine kasam kabul etdiler. Hormat garawuly batalýonynyň esgerleriniň görkezme çykyşlarynda we teatrlaryň artistleriniň edebi kompozisiýalarynda türkmen halkynyň taryhyna aýdyň sahypa bolup giren milli gahrymanlarymyzyň keşpleriniň döredilmegi bu ýerde guralan çykyşlaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ykbalyny Watan goragçysy ýaly asylly käre baglan ýaşlaryň, dabara gatnaşyjylaryň dabaraly harby ýörişi ýatda galyjy wakalara beslendi.

Ýurdumyzyň goranyş ukyby diňe bir häzirki zaman söweşjeň tehnikalaryna däl, eýsem, esgerleriň we serkerdeleriň taýýarlyk derejesine hem baglydyr. Harby serkerdeleri taýýarlamagyň milli ýörelgesi harby gullukçylarda ahlak-söweşjeň häsiýetleri ösdürmäge, ýaşlarda Watanyň ykbaly üçin jogapkärçilik duýgusyny kemala getirmäge esaslanýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, döwletimiziň Bitaraplyk derejesini, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny nazara alyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Häzirki döwürde harby uçurymlar öňdebaryjy tejribäni netijeli özleşdirýärler, ýokary söweşjeň ukyplara eýe bolmak bilen, häzirki zaman tehnologiýalaryndan, bu ugra degişli ylymlardan ussatlyk bilen baş çykarýarlar, pederlerimiziň wesýetlerine wepaly bolup, ýokary watansöýüjilik bilen Watanymyza we halkymyza bolan söýgüsini kalplarynda saklaýarlar. Döwletimiz Watan goragçylary we olaryň maşgalalary üçin häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny, sport toplumlaryny, sagaldyş merkezlerini, ýokary talaplara doly laýyk gelýän harby şäherçeleri, serhet galalaryny yzygiderli gurup ulanmaga berýär.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri barada edýän hemişelik aladasy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Ýaş serkerdeler Türkmenistanyň çäginde durnuklylygy üpjün etmek, onuň konstitusion gurluşyny goramak, döwlet serhediniň eldegrilmesizligini berkitmek, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine kanunylygy, hukuk tertibini pugtalandyrmak ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny, bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

***

Şeýle hem Balkan welaýatynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Baş baýdak meýdançasynda ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlarynyň hormatyna dabaralar guraldy we olara serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy.