Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýurdumyzda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly tamamlandy

Şu gün paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly tamamlandy. Bu çäre 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Ýurdumyzda türki halklaryň teatr forumynyň geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda medeni diplomatiýany üstünlikli amala aşyrýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Şunuň bilen bir hatarda, forumyň çäklerinde geçirilen çäreler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli medeniýetiň kämilleşdirilmegine we onuň dünýäde giňden wagyz edilmegine, halkara döredijilik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, teatr sungatynyň wekilleriniň tejribe alyşmagyna möhüm ähmiýet berýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Üç günüň dowamynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary döredijilik täzeliklerinden, ýatdan çykmajak duşuşyklardan doly dostluk baýramyna öwrülen festiwaldan ruhy lezzet aldylar. Artistleriň ähli çykyşlary Aşgabadyň iň naýbaşy sahna meýdançalarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň, Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky sazly drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-köl welaýatynyň Kasymaly Žantoşew adyndaky sazly drama teatrynyň, Türkiýe Respublikasynyň Siwas döwlet teatrynyň döredijilik toparlary festiwala öz iň gowy sahna eserlerini getiripdirler. Şeýle eserleriň içinde täze sahna oýunlary we tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolan spektakllar bar. Şeýlelikde, türkmenistanlylar TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň teatr sungaty, iň gowy aktýorçylyk, režissýorçylyk, sahna eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmen teatr sungaty watansöýüjilik, gözellik, ahlak ýörelgelerini terbiýelemek, tomaşaçylary milli we dünýä medeniýeti bilen tanyşdyrmak ýaly möhüm wezipäni amala aşyrmak bilen, halkara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşýar. Ol iň gowy däpler arkaly umumadamzat ynsanperwer ýörelgelerini we ahlak gymmatlyklaryny wagyz edýär. Munuň şeýledigini Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň we beýleki döredijilik toparlarynyň sahna oýunlary aýdyňlygy bilen görkezdi. Žanr aýratynlyklaryna garamazdan, ähli spektakllar döredijilik taýdan tomaşaça ýetirilişiniň ýokary derejesi we aýdyňlygy, özboluşlylygy, keşpleriň üsti bilen hormat goýmak, borç, söýgi we dostluk, adamyň ahlak arassalygy, ýaşaýşyň manysyny gözlemek ýaly hemme dilde düşnükli bolan gymmatlyklary beýan edýändigi bilen tapawutlandy. Zehinli artistleriň her bir çykyşy dostlukly halklaryň köpasyrlyk däplerine bolan hormat-sarpa ýugruldy.

...Şu gün irden teatr forumyna gatnaşyjylar “Seýit Jemaleddin” binagärlik toplumyna baryp gördüler. Onda milli medeniýetimiziň we geçmişimiziň ýadygärlikleri jemlenendir. Häzirki wagtda Änew şäheri barha pajarlap ösýär, bu ýerde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. “Seýit Jemaleddin” metjidi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen beýleki ýadygärliklerimiz ýaly, iň gelim-gidimli ýerleriň biridir. Metjit we onuň gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralýar.

Festiwalyň çäklerinde Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary “Akyldar” atly sahna oýnuny görkezdi. Änewiň taryhy ýadygärliklerine bagyşlanan TÜRKSOÝ-nyň suratkeşleriniň biýennaly festiwalyň çäklerindäki möhüm çäreleriň biri boldy. Medeni mirasa goýulýan hormatyň nyşanyna öwrülen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan bu çärede täze döredijilik eserleri görkezildi.

Milli medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň özara dialogynyň ýurtlaryň syýasy, ykdysady, medeni taýdan ýakynlaşmagynda aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Medeniýet dürli halklarydyr milletleri birleşdirýän özboluşly köpri bolup durýar, onuň dili hemmeler üçin düşnüklidir. Teatr, kino festiwallary, Medeniýet günleri, halkara sergi-ýarmarkalar we beýleki döredijilik çäreleri dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň nyşanyna öwrüldi. Bu çäreler medeni gatnaşyklary giňeltmek, halklaryň milli gymmatlyklaryny wagyz etmek we baýlaşdyrmak, özara düşünişmegi pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär. Diňe şeýle çäreleriň netijesinde köpasyrlyk medeniýetara dialogyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygyny gazanmak mümkindir.

Festiwalyň jemleýji gününde geçirilen TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň teatr ýolbaşçylarynyň 10-njy mejlisinde teatr sungatyny ösdürmegiň häzirki zaman ýörelgeleri, geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda teatr sahnasynda ýerine ýetirilişiň täze görnüşlerinden peýdalanylýar, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary ulanylyp, dürli tejribeler geçirilýär. Geçmiş bilen häzirki döwür, däp-dessurlar bilen täzeçil çemeleşmeler, halk sungaty bilen döredijilikli pikirler sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Sahna sungatynyň mümkinçilikleri iri, şol sanda medeni we sport çäreleri geçirilende hem giňden ulanylýar. Şunda adamlarda, hususan-da, ýaşlarda gözellik we ahlak terbiýesini kemala getirmekde, ruhy gymmatlyklary ýaýmakda teatr sungatynyň eýeleýän orny üýtgewsizligine galýar. Teatr sungatynyň hiç wagt könelmeýändiginiň sebäbi onuň begenji we duýgyny, geçmişi we häzirki güni, döredijiligi hem zehini özünde jemleýänligindedir. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň teatr ýolbaşçylary bildirilen myhmansöýerlik, forumyň ýokary derejede guralandygy, döredijilik işini hemmetaraplaýyn alyp barmakda hem-de türki dilli halklaryň medeniýet we sungat babatda halkara gatnaşyklaryny berkitmekde döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Agşam Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Çykyşlarda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly taslamanyň çäklerinde geçirilen çäreleriň umumy maddy, medeni we ruhy gymmatlyklary gorap saklamakda, ösdürmekde we geljek nesillere ýetirmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendigi bellenildi. Türki dilli ýurtlaryň we sebitleriň teatr işini goldamak dürli halkara teatr forumlarynyň geçirilmegine ýakyndan ýardam edýän TÜRKSOÝ-nyň alyp barýan işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýygnananlar teatr döredijilik toparlarynyň, halkara festiwallaryň we beýleki forumlaryň çäklerinde guralýan döredijilik gatnaşyklarynyň häzirki zaman dünýäsinde teatr sungatynyň ösdürilmeginde wajyp şert bolup durýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, teatr sungaty babatda taslamalary durmuşa geçirmegiň we täzelerini döretmegiň möhümdigi bellenildi.

Sahna sungatynyň gözden geçirilişine gatnaşanlara diplomlar, baýraklar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijileriň belleýişleri ýaly, şu gezekki festiwal türki halklaryň ajaýyp taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge uly goşant goşar.

Döredijilik forumyna gatnaşan myhmanlar döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Hemmeleriň el çarpyşmalary bilen Milli Liderimiziň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatyny wasp edýän aýdym ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirildi.

Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli medeniýeti ösdürmek, döredijilik bilen meşgullanmak we ýurdumyzda döredilýän hemmetaraplaýyn şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.