Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

MAKSATNAMASY

Türkmenistanyň Agrar partiýasy daýhançylygy, ýurdumyzda oba hojalyk önümçiligini hem-de onuň önümlerini gaýtadan işleýän pudaklaryny we hyzmat edýän kärhanalary ösdürmek ugrunda çykyş edýänleri, TAP-nyň Tertipnamasyny we Maksatnamasyny ykrar edýän beýleki Türkmenistanyň raýatlaryny birleşdirip, Türkmenistanyň bütin çäginde hereket edýän syýasy partiýadyr.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy Türkmenistanda ösen tehnologiýaly, ýokary derejeli agrosenagat toplumynyň we onuň bilen baglanyşykly bolan ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär hem-de Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyny strategik we ileri tutulýan ulgam diýip ykrar edýär. Şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden maksatnamalarynyň we taslamalarynyň syýasy taýdan goldanylmagy we olaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Häzirki döwürde Garaşsyz Watanymyzyň geljegi üçin oba hojalyk toplumy aýratyn wajyp häsiýete eýedir. Ýurdumyzyň oba hojalygy ykdysadyýetiň geljegi uly bolan esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Senagatyň käbir pudaklarynyň ösüşi bolsa oba hojalygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Agrar partiýasy ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň ýokary depginli ösmeginde esasy güýç bolup çykyş edýär.

Oba hojalygynyň we agrosenagat pudagynyň üstünlikli ösmegi bütin ýurdumyzyň ösüşi, türkmen obalarynyň täze derejelere çykmagy, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagy bilen baglanyşykdyr. Şunda esasy strategik maksat ýurdumyzyň azyk howpsuzlygydyr. Ýurdumyzyň dünýä derejesindäki orny we täsiri, öz-özüni esasy iýmit önümleri bilen üpjün etmek ukyby we azyk önümleriniň importynyň azaldylmagy bilen bagly bolup galýar. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda azyk bilen öz-özüňi üpjün etmek milli howpsuzlygyň esasy serişdesi bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy Garaşsyz Watanymyzyň tebigy, tehnologik we ylmy mümkinçilikleriniň diňe bir Türkmenistanyň içerki bazaryny azyk önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik bermän, eýsem azyk we beýleki oba hojalyk önümlerini sebitde giň gerimli eksport ediji bolup çykyş etmegine mümkinçilikleriniň bardygyna berk ynanýar. Biz her bir täze zady berk binýat bilen döretmegiň we ösdürmegiň tarapdary. Şeýle binýat Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrýan beýik işleri bilen berkden-berk tutulýar. TAP ata-babalarymyzyň döredip, bize goýup giden mirasyna, milli däplere bil baglaýan jemgyýetçilik ösüşiniň özboluşly türkmen ýolunyň bolmagy ugrunda iş alyp barmagy maksat edinýär. Şonuň bilen bir hatarda dünýä siwilizasiýasynyň ýeten derejelerini maksadalaýyk ulanmak ugrunda çykyş edýär.

TAP-nyň Maksatnamasy häzirki zaman Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda we oba özgertmelerinde türkmen jemgyýetiniň ýeten derejelerine baha bermek bilen, oba ýerlerinde ýaşaýanlaryň we zähmet çekýänleriň jemgyýetdäki orny we oba hojalygynyň gazananlary babatda partiýanyň garaýyşlaryny açyp görkezmek ugrunda çykyş edýär, ykdysadyýeti we jemgyýeti ösdürmekligiň esasy meselelerinde  partiýanyň garaýyşlaryny şöhlelendirýär.

 Türkmenistan özüniň garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden öz taryhynyň sahypalaryna uly we buýsançly ýazgylary ýazdy. Bu ýol durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde döwletiň kadalaşdyryjy ornuna aýratyn bil baglamalydygyny subut etdi. Şoňa görä hem, döwletimiziň ägirt uly mümkinçilikleriniň obanyň özgerdilmegine, oba hojalyk pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilmegini we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” bellenilen çäreleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini döwrüň wajyp wezipeleri hasap edýär.

Oba hojalyk önümçiliginde biziň ýurdumyz taýýar önümleriň daşary ýurt bazarlaryna çykarylmagy üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Munuň üçin, ilkinji nobatda, jemgyýetçiligiň aňyny we ahlak kadalaryny, hemmeleri millilik duýgularynda birleşdirmek ugrunda has-da giňden wagyz etmek üstünlikleriň esasy bolup çykyş edip biler. Ertirki güne bolan ynam bu gün halkymyzyň buýsanjyna öwrülýär, sebäbi ýurdumyzda halk üçin ilkinji gerek bolan zatlaryň ählisi elýeterli üpjün edilýär, bu bolsa raýatlarymyzyň has hyjuwly zähmet çekmekleri, maşgalasyny, çagalaryny Watana wepaly ösdürip ýetişdirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Şu şertlerde oba hojalygynyň we agrosenagat pudaklarynyň has depginli ösüşi üçin guramaçylyk, dolandyryş, höweslendiriji çäreleriň giňden geçirilmegi bu pudaklaryň mümkinçiliklerini has-da artdyrar.

         Oba hojalyk önümleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak baş maksatlaryň biridir. Munuň üçin, ilkinji nobatda, ýerden peýdalanmagyň bäsdeşlik esasynda guralmagyny ýola goýmak zerur. Oba hojalyk önümleriniň özüne düşýän gymmatynyň peselmeginiň ýollaryny ulanmagy, tehnikalaryň, suw serişdeleriniň, daýhan güýjüniň netijeli peýdalanylmagyny başarýan, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy we beýleki zerur zatlaryň netijeliligini gazanmagy başarýan taraplaryň höweslendirilmegi wajyp şertleriň biridir. Şu talaplara döz gelmäni başarýan daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, kärendeçilere we beýleki hojalyk alyp baryjylara ýerler kärendä berlende, höweslendiriji usullary ulanmak has-da netijeli bolar. Adam saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyza getirilýän azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna gözegçiligi güýçlendirmek barada aladalar edýär. Halkara bazarlarynda azyk önümleri öndürilende, saklananda, satuwa çykarylanda ulanylýan himiki serişdeleriň we adam saglygyna zyýan ýetirýän beýleki serişdeleriň ulanylmagyna gözegçiligiň pese gaçmagy netijesinde, arzan we pes hilli harytlaryň içerki bazara getirilmeginiň howpuny aradan aýyrmak üçin gümrük taýdan kadalaşdyrylmagynyň ornunyň ýokarlandyrylmagyny ýola goýmak, pes hilli harytlaryň getirilmegini gadagan etmek bilen, içerki önümçiligi höweslendirmek bolar. Şular ýaly çäreleriň ulanylmagy, içerki bazaryň ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilmeginiň höweslendirilmegi bilen bir hatarda, halkara bazarlaryna ýokary hilli harytlary eksport etmek üçin amatly şertleri döreder. Şonuň bilen bir hatarda, düşewüntliligi ýokarlandyrmaga, iş ýerlerini köpeltmäge ýardam berer.

         Oba ýerlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan oba maksatnamasynyň üstünlikli dowam etdirilmegi önümçiligiň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam bermek bilen bir hatarda, oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda aýratyn wajyp häsiýete eýe bolýar. Bu gün oba ýerlerinde iň häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýüzlerçe mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, kitaphanalaryň, söwda nokatlarynyň, hyzmat ediş edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň hem desgalaryň gurulmagy diňe bir obanyň durmuş keşbini üýtgetmän, eýsem türkmen obasynda bagtyýar ýaşaýan her bir adamyň dünýägaraýşyny, aň-düşünjesini ösdürmekde, oba durmuşyny galkyndyrmakda bahasyna ýetip bolmajak başlangyçlar bolup hyzmat edýär. Bu ýetilen beýik sepgitler oba ýaşlarynyň talabalaýyk bilim almagy, saglygyny berkitmegi medeniýetiniň ýokary bolmagy, dynç alyş mümkinçilikleriniň gowulanmagy üçin zerur şertleri döredýär. Mundan beýläk hem döwlet serişdeleriniň obalaryň ösdürilmegine gönükdirilmegi bilen bir hatarda, hususy başlangyçlar esasynda, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny çaltlandyrmak baş wezipeleriň biri bolmalydyr. Munuň soňky netijesi oba bilen şäheriň aratapawudyny aýyrmakdan ybarat bolmalydyr.

Umumy bähbitler bilen utgaşykly agrosenagat toplumynyň zähmetkeşleriniň bähbitlerini goramak, obada ýaşaýan adamlaryň zähmetiniň sylagly, düşewüntli, jemgyýetçilik üçin peýdaly, oba durmuşynyň bolsa ruhy taýdan baý, bolelin üpjünçilikli bolmagyny göz öňünde tutýar.

         Jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ösýän, hil taýdan täze derejelere çykýan şertlerinde adamlaryň bähbitlerini goramak, olara hormatly Prezidentimiziň talaplaryna laýyk hyzmat etmek ähli halkyň bolelin durmuşy baradaky alada bilen baglydyr. Agrosenagat toplumynyň ösdürilmegi, öňküsi ýaly, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup galar. Agrosenagat toplumynda mineral dökünleriň önümçiligi, oba hojalyk tehnikalary, azyk senagaty, gaýtadan işleýän senagaty, ýeňil senagaty, gurluşyk materiallary senagaty, ýangyç-energetika, ulag toplumy ýaly pudaklaryň ösmegine güýçli goşant goşar. Agrar syýasatyň netijeli durmuşa geçirilmegi arassa azyk önümleriniň üpjünçiligi, ilatyň saglygy, ekologik ýagdaýyň gowulanmagy ýaly meselelerde öz oňyn netijesini berer.  Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, arassa, ýokary hilli we elýeterli azyk önümlerini öndürmek, tebigaty goramak, durmuş meselelerini çözmek, milli medeniýeti ösdürmek, arassa ahlak kadalaryny berjaý edýän, wyždan päkligini wagyz edýän, zähmeti, ata Watany, ene topragy söýýän nesli kemala getirmek, watansöýüji, raýatlyk borçlaryna, halkyna wepaly ýaşlary terbiýelemek biziň jemgyýetimiziň, Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Şu maksatlara ýetmegiň serişdeleri bolsa halal zähmet çekýän her bir adama adalatly we deňhukukly ýörelgeler esasynda garamak bilen, eýeçiligiň we zähmeti guramagyň ähli görnüşleriniň ösdürilmegine syýasy we amaly taýdan goldaw bermekden ybarat bolup durýar.

Obanyň özüneçekijiligini we durmuşyň durnukly ösmegini goldamagyň barlagdan geçen ýoly hökmünde Türkmenistanyň Agrar partiýasy “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” beýan edilen çäreleriň doly göwrümde durmuşa geçirilmegine ýakyndan gatnaşmagy we goldaw bermegi baş maksat edinýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň geljegini ýokary tehnologiýalara daýanýan, ösen oba hojalyk we agrosenagat toplumly, hojalyklaryň we kärhanalaryň özara netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi bilen ýeriň hakyky eýesini tapmak ugrunda ähli tagallalary jemlemegi döwrüň talaby diýip hasap edýär.