Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň

TERTIPNAMASY

Aşgabat ş.

I.Umumy düzgünler

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasy Tertipnamasynda hem Maksatnamasynda bellenilen maksatlara ýetmek we wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, umumy bähbitlerden ugur alnyp, Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan döredilen we meýletinlik ýörelgesine esaslanýan syýasy partiýa bolup durýar.

1.1.Türkmenistanyň Agrar partiýasy, mundan beýläk “TAP”, özünde daýhançylygy, ýurdumyzda oba hojalyk önümçiligini hem-de onuň önümlerini gaýtadan işleýän pudaklaryny we hyzmat edýän kärhanalary ösdürmek ugrunda çykyş edýänleri, şonuň ýaly-da TAP-nyň Tertipnamasyny we Maksatnamasyny ykrar edýän Türkmenistanyň beýleki raýatlaryny birleşdirýän hem-de Türkmenistanyň çäginde hereket edýän syýasy partiýadyr.

1.2.TAP meýletinlik, agzalaryň deňhukuklylygy, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda hereket edýär.

TAP Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz Tertipnamasyna we Maksatnamasyna laýyklykda hereket edýär.

1.3.TAP-nyň guramalary we düzüm birlikleri onuň Tertipnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde döredilýär.

1.4.TAP kanunçylyga laýyklykda, döwlet tarapyndan bellige alnandan soň, ýuridik şahsyň hukugyna eýe bolup biler. Özüniň emlägine, özbaşdak balansyna, manatda we daşary ýurtlaryň walýutalarynda bank hasaplaryny açmaga, möhürleri, blankalary edinmäge bolan hukugyndan peýdalanýar.

1.5.TAP-nyň doly ady – “Türkmenistanyň Agrar partiýasy”.

Gysgaldylan ady – “Agrar partiýa” ýa-da “TAP”.

 

II.TAP-nyň nyşanynyň ýazgysy

 

2.1.TAP Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öz nyşanyny döredýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nyşanynyň ýazgysy:

“Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nyşany sekiz burçly ýyldyz görnüşinde şekillendirilendir. Onuň ýerligi açyk we goýy ýaşyl reňklere bölünen görnüşinde bolup, ony biri-biriniň içinde ýerleşdirilen sary gaýmaly ak reňkli tegelek we sary reňkli ýarym halka emele getirýär.

Nyşanyň merkezinde çar tarapa şöhle saçyp duran günüň şekili bar.

Ak tegelegiň halkalaýyn zolagyň ýokarky böleginde ýaşyl reňkde “Türkmenistanyň Agrar partiýasy” diýen ýazgy ýazylan, aşaky böleginde bäş welaýatyň haly gölleri ýerleşdirilen. Ol halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň nyşanydyr.

Nyşanyň içki kiçi ýarym tegelegi sary reňkli ýarym halka görnüşinde bolup, onuň aşaky böleginde ýaşyl gozasy açylan ak pagta, ortaky böleginde sary-altynsow reňkli bugdaý sümmüli şekillendirilendir, şeýle-de köpdişli sary reňkli ýarym halka ýerleşdirilendir. Ol türkmen topragynyň bolçulygyny we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşynyň esasynda ýurdumyzyň okgunly ösüşini häsiýetlendirýändir”.

 

 

III. TAP-nyň maksatlary we wezipeleri

 

3.1.TAP-nyň esasy maksatlary:

- oba ilatynyň we agrosenagat toplumynyň işgärleriniň syýasy, raýat, ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärleri hödürlemek we saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini gurnamak;

- jemgyýetçilik pikirini emele getirmek;

- raýatlaryň syýasy düşünjelerini kämilleşdirmek we olary syýasy taýdan terbiýelemek;

- jemgyýetçilik durmuşynyň dürli meseleleri boýunça raýatlaryň pikirini aňlatmak, ony jemgyýetçiligiň we döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň dykgatyna ýetirmek;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde saýlanan wekilleriniň üsti bilen döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işlerine gatnaşmak;

- oba zähmetkeşleriniň durmuş-ýaşaýyş we maddy-hal ýagdaýynyň düýpli gowlandyrylmagyna, obalarda şäherler bilen deň derejedäki şertleriň döredilmegine, oba hojalygynyň senagat pudaklary bilen deň hukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň emele gelmegine, oba hojalyk önümçiligiň ösmegine ýardam bermek.

3.2. TAP-nyň esasy wezipeleri:

- TAP-nyň Maksatnamasyny wagyz etmek;

- Agrosenagat toplumyny ösdürmek meseleleri boýunça obada zähmet çekýänleriň isleglerini we talaplaryny öwrenmek, ilatyň pikirini öwrenmek;

- ýurdumyzyň agrar syýasatyna degişli has wajyp ykdysady we durmuş meselelerini işläp taýýarlamaga gatnaşmak;

- beýleki syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri hem-de beýleki gyzyklanýan taraplar bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak we hyzmatdaşlyk etmek, maslahatlary, duşuşyklary, seminarlary, ýygnaklary we beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmek; 

- Türkmenistanyň kanunçylygynda we TAP-nyň Maksatnamasynda beýan edilen düzgünlere laýyklykda, maglumat beriş we neşir işlerini alyp barmak.

3.3. TAP öz wezipelerini ýerine ýetirmek üçin şu işleri amala aşyrýar:

- ýurduň agrar syýasatynyň, onuň aýry-aýry ugurlarynyň, strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna we iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gatnaşýar;

- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe obanyň täze keşbini emele getirmek, obanyň durmuş meseleleriniň gaýragoýulmasyz çözülmegi, oba hojalyk önümçiliginiň tehniki taýdan üpjün edilmegi ugrunda, ata-babalarmyzdan müňýyllyklaryň dowamynda gelýän medeniýeti we däpleri ýaş nesle ýetirmekde jemgyýetiň mümkinçilikleriniň birikdirilmegine ýardam bermek;

- öz Maksatnamasynda bellenilen maksatlary TAP-nyň agzalarynyň we tarapdarlarynyň üsti bilen, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlanan wekilleriniň we ol ýerlerde TAP-nyň partiýa toparlarynyň üsti bilen durmuşa geçirýär.

 

IV.TAP-nyň hukuklary we borçlary

 

4.1. TAP-nyň hukuklary:

- öz işi hakynda habarlary açyk ýaýratmaga, garaýşyny, maksatlaryny we wezipelerini erkin wagyz etmäge;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlet häkimiýet edaralaryna we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna geçirilýän saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärleri hödürlemäge we saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini guramaga;

- saýlawlar we sala salşyklar geçirilende, öz wekilleriniň üsti bilen saýlawlarda ses berilişiniň gurnalyşyna we geçirilişine, sesler sanalanda we saýlaw toparynyň beýleki işlerini alyp barşyna syn etmäge, saýlawlaryň we sala salşyklaryň netijeleri boýunça sesleriň jemi jemlenende we netijeleri yglan edilende syn etmäge;

- kanunçykaryjy häkimiýet edarasynda, ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edarasynda, öz-özüňi dolandyryş edaralarynda TAP-nyň agzalaryndan ybarat bolan partiýa toparlaryny döretmäge;

- kanunçylykda bellenilen tertipde döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň kararlary taýýarlanylanda oňa gatnaşmak;

- jemgyýetçilik durmuşyna degişli dürli meseleler bilen bagly başlangyçlary öňe sürmäge;

- kanunçylykda bellenilen tertipde döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan çözgütleriň işlenip düzülmegine teklipleri girizmäge;

- öz guramalaryny we düzüm birliklerini döretmäge, üýtgedip guramaga we olaryň işini bes etmäge;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramaga we geçirmäge;

- bellenilen tertipde neşir we habar beriş serişdelerini döretmäge we neşirýat işini alyp barmaga, syýasy-terbiýeçilik çärelerini geçirmäge;

- kanunçylyk bilen bellenilen tertipde syýasy iş bilen bagly TAP-nyň we onuň agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, şeýle hem olaryň bähbitlerine döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda wekilçilik etmäge.

4.2.TAP-nyň borçlary:

- öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem-de öz Tertipnamasynyň talaplaryny berjaý etmäge;

- hemişelik hereket edýän edarasynyň ýerleşýän ýerini we salgysyny, ýolbaşçylary baradaky maglumaty bellenilen möhletde Türkmenistanyň Adalat ministrligine bermäge;

- özüniň guramalary we düzüm birlikleri tarapyndan geçirilýän açyk ýygnaklara we beýleki çärelere syýasy partiýalary Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň wekillerini goýbermäge; 

- saýlawlarda dalaşgär hödürlemek boýunça çäreleriň geçirilýändigi barada degişli saýlaw toparlaryny öz wagtynda habarly etmäge, olaryň wekillerini görkezilen çärelere çagyrmaga;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde maliýe işleri baradaky hasabatlary döwlet edarasyna bermäge;

- TAP, onuň guramalary we düzüm birlikleri, şeýle hem olaryň wezipeli adamlary öz işlerinde şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini, eýeçiligiň we jemgyýetçilik tertibiniň goralmagyny, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge.

 

V. TAP-a agza bolup girmegiň, ondan çykmagyň hem-de çykarylmagyň şertleri we tertibi, agzalaryň hukuklary we borçlary

 

5.1. Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan, Watanymyza wepaly, jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly işlerde işjeňlik görkezýän, TAP-nyň Tertipnamasyny we Maksatnamasyny ykrar hem-de berjaý edýän, partiýanyň ilkinji guramalarynyň birinde hasapda durýan we onuň işine gatnaşýan, 18 ýaşyna ýeten Türkmenistanyň raýaty TAP-nyň agzasy bolup biler.

Ol şol bir wagtyň özünde başga bir syýasy partiýanyň agzasy bolup bilmez.

5.2.Partiýa agzalygyna kabul etmek partiýa hataryna girjek adamyň ýazmaça arzasy boýunça ilkinji guramanyň ýygnagynda seredilýär. Eger ýygnaga gatnaşýan partiýa agzalarynyň ýarysyndan köpüsi tarapdar bolup ses berse, onda ol adamy partiýa agzalygyna kabul etmek baradaky karar gutarnyklydyr.

TAP-nyň agzalygyna kabul edilenlere TAP-nyň agzasynyň bileti gowşurylýar.

5.3.Partiýadaky agzalyk bes edilýär:

- şahsy islegi esasynda ýazmaça arzasy boýunça ilkinji guramanyň karary bilen partiýa agzalygyndan meýletin çykanda;

- ilkinji guramanyň umumy ýygnagynyň karary bilen partiýanyň agzalarynyň hataryndan çykarylanda;

- partiýa bilen aragatnaşyk kesilen halatynda ilkinji guramanyň karary bilen partiýadan çykyp giden hasap edilende.

5.4.Partiýadan çykarylan adamyň partiýanyň ýokary guramalaryna şikaýat etmäge hukugy bardyr.

5.5.TAP-nyň agzasynyň hukuklary:

- partiýanyň gurultaýlaryna, maslahatlaryna, ýolbaşçy we gözegçilik-derňew toparlaryna saýlamaga we saýlanmaga;

- TAP-nyň Tertipnamasynyň, Maksatnamasynyň we ýolbaşçy edaralarynyň we guramalarynyň kararlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda oňa gatnaşmaga;

- TAP-nyň işine degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşmaga we öz pikirini erkin beýan etmäge;

- saýlawlar geçirilende TAP-nyň goldawyndan peýdalanmaga;

-  döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz kanuny hukuklarynyň goralmagy, şeýle hem bähbitlerine wekilçilik edilmegi barada kömek sorap TAP-a we onuň guramalaryna ýüz tutmaga;

- partiýanyň islendik guramasyndan maglumat almaga, olara arz-şikaýat, teklip, syýasy başlangyç bilen ýüz tutmaga we anyk jogap almaga, olaryň işine baha bermäge.

5.6. TAP-nyň agzasynyň borçlary:

- Agrar partiýanyň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek we Tertipnamasynyň talaplaryny berjaý etmek;

- Agrar partiýanyň ýolbaşçy edaralarynyň kararlaryny ýerine ýetirmäge;

- partiýanyň haýsy hem bolsa bir ilkinji guramasynda hasapda durmaga, hemişe onuň abraýynyň ýokary galmagyna ýardam bermäge;

- partiýanyň Maksatnamasyna we Tertipnamasyna laýyklykda TAP-nyň we onuň guramalarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän syýasy we beýleki çärelere gatnaşmaga;

- partiýa agzalyk töleglerini tölemäge.

 

VI.TAP-ny, onuň guramalaryny we düzüm birliklerini döretmegiň, üýtgedip gurmagyň we işini bes etmeginiň tertibi

 

TAP dolandyryş-çäk ýörelgeler esasynda döredilýär.

6.1.TAP-nyň esasy bolup, onuň ilkinji guramasy çykyş edýär. TAP-nyň ilkinji partiýa guramasy agzalarynyň ýaşaýan ýeri boýunça, azyndan 3-siniň islegi bilen döredilýär. Ilkinji partiýa guramasynyň döredilmegi özüniň umumy ýygnagynyň beýany bilen resmileşdirilýär we bu kararyň göçürmesi TAP-nyň ýokarky ýolbaşçy edarasyna iberilýär.

Partiýanyň ilkinji guramalary TAP-nyň Tertipnamasyny goldanyp, TAP-nyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanylan Ilkinji partiýa guramasy hakyndaky düzgünnama esasynda hereket edýär.

TAP-nyň ilkinji partýa guramasy degişli çäkde (oba, şäher, etrap, welaýat) öz işini alyp barýan partiýanyň ýerli guramalarynyň düzümine girýär. TAP-nyň ýerli guramalarynyň ählisi şu Tertipnama esasynda hereket edýärler.

6.2.Ilkinji partiýa guramasy aşakdaky işleri ýerine ýetirýär:

- partiýanyň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek we Tertipnamasynyň talaplaryny berjaý etmek üçin zerur çäreleri görýär;

- özüniň partiýa işleri bilen baglanyşykly kararlary kabul edýär hem ýerine ýetirýär;

- özüniň gündelik işine ýolbaşçylyk edilmegi üçin TAP-nyň ilkinji guramasynyň başlygyny we onuň orunbasaryny saýlaýar;

- saýlanan ýolbaşçylarynyň hasabatyny diňleýär, olaryň işine baha berýär;

- ýokarky partiýa guramalarynyň kararlaryny taýýarlamaga, ara alyp maslahatlaşmaga we amala aşyrmaga işeňňir gatnaşýar;

- partiýa agzalygyna kabul edýär we agzalykdan çykarýar, partiýa agzalarynyň hasabyny ýöredýär;

- agzalyk töleglerini ýygnaýar, toplanan serişdäni ýokary partiýa guramasynyň hasabyna geçirýär;

- ählihalk we ýerli saýlawlary, sala salşyklary taýýarlamaga hem-de geçirmäge işeňňir gatnaşýar;

- TAP-nyň ýerli partiýa guramalarynyň maslahatlaryna wekilleri saýlaýar we öz wekillerini TAP-nyň ýokarda duran saýlawly edaralaryna dalaşgär hödürleýär;

- döwlet häkimiýet edaralaryna, beýleki saýlawly wezipelere dalaşgärleri hödürleýär, olaryň saýlanmagyna ýardam berýär, şonuň ýaly hem, şol guramalardan yzyna çagyrmak barada teklipleri girizýär.

6.3.Ilkinji partiýa guramasynyň ýokary edarasy partiýa ýygnagydyr. Ýygnak ilkinji partiýa guramasynyň başlygy tarapyndan çagyrylýar we her çärýekde azyndan 1 (bir) gezek geçirilýär. Nobatdan daşary ýygnaklar ilkinji partiýa guramasynyň başlygynyň başlangyçlary bilen ýa-da agzalarynyň azyndan üçden biriniň talap etmegi boýunça çagyrylyp bilner.

Ýygnak partiýa guramasynyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

6.4.Partiýanyň ýerli (etrap, şäher, welaýat) guramalary.

Ilkinji partiýa guramalary Türkmenistanyň ýerli dolandyryş-çäk bölünişigine laýyklykda etrap, şäher, welaýat partiýa guramalaryna birleşýärler. Olar ýokarda durýan partiýa guramalarynyň ygtyýarlyklaryna girmeýän meselelerde özbaşdakdyrlar.

Etrap, şäher, welaýat partiýa guramalarynyň ýokary ýolbaşçy edarasy olaryň maslahatlarydyr. Maslahat zerur bolan halatda, ýöne azyndan 2 ýylda bir gezek çagyrylýar. Maslahat degişli partiýa agzalarynyň ýa-da ilkinji partiýa guramalarynyň üçden iki böleginiň talap etmegi boýunça hem çagyrylyp bilner.

Etrap we şäher partiýa maslahatlaryna wekiller ilkinji partiýa guramalarynyň ýygnaklarynda ýa-da partiýanyň etrapkomlarynyň, şäherkomlarynyň giňeldilen plenumlarynda, welaýat partiýa maslahatlaryna bolsa etrap we şäher partiýa maslahatlarynda ýa-da partiýanyň welaýatkomlarynyň giňeldilen plenumynda açyk ses bermek arkaly saýlanylýar. Saýlawlaryň tertibi we wekilçilik möçberi degişli partiýa komiteti tarapyndan kesgitlenýär.

6.5.Ýerli partiýa guramasynyň maslahaty:

- partiýanyň Maksatnamasyna we Tertipnamasyna laýyklykda ýerli partiýa guramasynyň syýasy, wagyz-nesihat, düşündiriş işine, içerki durmuşyna degişli bolan kararlary özbaşdak kabul edýär, partiýa işiniň anyk ugurlaryny hem-de wezipelerini kesgitleýär;

- ýerli partiýa komitetiniň hasabatyny diňleýär;

- ýerli partiýa guramasynyň gözegçilik-derňew toparynyň hasabatyny diňleýär we tassyklaýar;

- ýerli partiýa guramasynyň komitetiniň düzümini, onuň Başlygyny, Başlygynyň orunbasaryny saýlaýar;

- ýerli partiýa guramasynyň gözegçilik- derňew toparynyň düzümini we onuň başlygyny saýlaýar;

- açyk ses bermek arkaly ýokarda durýan partiýa guramasynyň maslahatyna, partiýanyň gurultaýyna wekilleri saýlaýar, onuň ýolbaşçy düzümlerine dalaşgärleri hödürleýär.

6.6.Ýerli partiýa guramasynyň komiteti:

- ählihalk we ýerli saýlawlary, sala salşyklary taýýarlamaga we geçirmäge işeňňir gatnaşýar, saýlawly wezipelere partiýa agzalaryndan bolan dalaşgärleriň saýlanmaklaryna ýardam edýär;

- öz plenumynda partiýa komitetiniň diwanyny, müdiriýetini döredýär, olaryň düzümini kesgitleýär we tassyklaýar, partiýa komitetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny we müdiriýetiniň agzalaryny saýlaýar, bölümleriň müdirlerini tassyklaýar;

- ýokary partiýa guramalaryň saýlawly ýolbaşçy edaralaryna dalaşgärleri görkezýär, olaryň saýlanmagyna ýardam edýär, şonuň ýaly hem olary yzyna çagyrmak hakynda teklipler girizýär;

- öz çäklerinde içerki partiýa durmuşynyň we jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň, partiýanyň maliýe-hojalyk işiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşýar hem çözýär;

- toplanan pul serişdeleriniň kesgitlenen bölegini ýokarky partiýa guramasyna geçirýär.

- TAP-nyň agzalarynyň hasabyny ýöredýär, partiýa biletlerini gowşurýar.

- ilkinji partiýa guramalaryny hasaba alýar, olaryň işini ugrukdyrýar hem-de sazlaşdyrýar, durmuş-ykdysady, terbiýeçilik we medeni meseleleri çözmekde olara kömek berýär;

- ýylda azyndan bir gezek komitetiň plenumyny geçirýär.

- ilkinji partiýa guramalarynyň maglumatlaryny diňleýär, olaryň anyk wezipelerini kesgitleýär we belleýär, tejribelerini öwrenýär we ýaýradýar. Partiýa agzalarynyň arzalaryna, şikaýatlaryna garaýar.

Plenumlaryň aralygynda komitetiň işini onuň saýlan müdiriýeti alyp barýar.

6.7. Partiýanyň welaýat komiteti:

- etrap we şäher partiýa guramalarynyň, olaryň komitetleriniň işini ugrukdyrýar hem kämilleşdirýär, durmuş-ykdysady, syýasy-guramaçylyk, terbiýeçilik we medeni wezipeleri çözmekde olaryň özara sazlaşykly işini üpjün edýär;

- partiýa komitetleriniň we ilkinji partiýa guramalarynyň tejribesini öwrenýär, olaryň işiniň kämilleşmegine kömek edýär.

Partiýanyň ýerli guramalary ýuridiki tarapyň hukuklaryna eýe bolup biler we kanunçylyk tarapyndan öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirýär.

 Partiýanyň ilkinji we ýerli guramalary:

- durmuş, ykdysady we beýleki ýerli ähmiýetli meseleleriň çözülmegi babatda kararlaryň işlenip taýýarlanmagyna we çözülmegine, oba ilatynyň kanuny bähbitleriniň goralmagyna gatnaşýar;

- TAP-nyň Maksatnamalaýyn düzgünlerini, maksatlaryny, wezipelerini, ýokarky ýolbaşçy edaralaryň kabul edýän kararlaryny wagyz etmek we düşündirmek işlerini geçirýär;

- oba ilatynyň bähbitlerinden ugur alyp TAP-nyň syýasy ugrunyň emele gelmegine gatnaşýarlar;

- TAP-nyň täze agzalarynyň kabul edilmegi ugrunda işleri alyp barýar;

- umumypartiýa resminamalarynyň taýýarlanmagyna we taslamalary teklip etmäge gatnaşyp bilýärler, islendik saýlawly partiýa edarasynyň kararyna özüniň gatnaşygyny aýdyp bilýärler, çekişmeleri alyp barmaga we olara gatnaşyp bilýärler;

- TAP-nyň ýokardaky saýlawly edaralaryna dalaşgärleri teklip edýärler;

-  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna geçirilýän saýlawlarynda, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärleri hödürlemäge we saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini guramaga.

6.8.Partiýanyň, onuň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralaryny saýlamagyň tertibi, olaryň ygtyýarlyklarynyň möhletleri.

TAP-nyň düzüminde ýokary ýolbaşçy edara bolup:

a) TAP-nyň ilkinji guramalary üçin – umumy ýygnak;

b) TAP-nyň ýerli guramalary üçin – maslahat;

ç) TAP üçin – gurultaý çykyş edýär.

Eger ilkinji partiýa guramasynyň ýygnagyna guramanyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi gatnaşýan bolsa, ýygnak doly hukuklydyr. Kararlar, şol sanda ses bermek arkaly (açyk ýa-da ýapyk) kabul edilýän kararlar umumy ýygnaga gatnaşýan partiýanyň agzalarynyň köplügi bilen kabul edilýär.

Partiýanyň maslahatyna (gurultaýyna) guramanyň saýlanan wekilleriniň ýarysyndan köpüsi gatnaşýan bolsa, maslahat (gurultaý) doly hukuklydyr. Kararlar, şol sanda ses bermek arkaly (açyk ýa-da ýapyk) kabul edilýän kararlar maslahata (gurultaýa) gatnaşýan wekilleriň köplügi bilen kabul edilýär.

6.9.TAP-nyň iň ýokary ýolbaşçy edarasy gurultaýdyr, ol azyndan bäş ýylda bir gezek çagyrylýar.

Gurultaýyň wekilleriniň azyndan üçden iki bölegi oňa gatnaşýan bolsa, gurultaý doly hukuklydyr.

Gurultaý TAP-nyň Merkezi Geňeşi tarapyndan çagyrylýar. Gurultaýyň geçiriljek senesi, gün tertibi öňünden yglan edilýär, onuň wekilçilik düzgünlerini partiýanyň Merkezi Geňeşi tassyklaýar.

Zerur bolan halatda partiýanyň Merkezi Geňeşiniň karary bilen, şonuň ýaly-da, partiýa agzalarynyň ýa-da ilkinji partiýa guramalarynyň üçden iki böleginiň talaby boýunça partiýanyň nobatdan daşary gurultaýy çagyrylyp bilner.

Gurultaýyň wekilleri ýerli partiýa guramalarynyň maslahatlarynda ýa-da komitetleriniň giňeldilen plenumlarynda açyk ses bermek arkaly saýlanylýar.

 6.10.TAP-nyň gurultaýy:

- TAP-nyň Maksatnamasyny kabul edýär, Tertipnamasyny tassyklaýar hem-de olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizýär, partiýanyň işini üýtgedip gurmak ýa-da bes etmek hakynda kararlary kabul edýär;

- TAP-nyň Merkezi Geňeşiniň hasabatyny diňleýär, TAP-nyň ýörelgesini ara alyp maslahatlaşýar we kesgitleýär, degişli kararlary kabul edýär. Beýleki partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, hereketleri we birleşikleri bilen hyzmatdaşlygyň, daşary ýurtlaryň partiýalary bilen gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitleýär;

- TAP-nyň Merkezi Gözegçilik-derňew toparynyň hasabatyny diňleýär hem-de tassyklaýar;

- TAP-nyň Başlygyny saýlaýar;

- TAP-nyň Merkezi Geňeşiniň düzümini kesgitleýär we saýlaýar;

- TAP-nyň Merkezi derňew toparyny we onuň başlygyny saýlaýar, onuň wezipelerini we hukuklaryny kesgitleýär;

-partiýanyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, býujetini, onuň peýdalanylyşyny ara alyp maslahatlaşýar.

Gurultaýda kabul edilen kararlaryň ähli partiýa guramalaryna we agzalaryna ýetirilmegi hökmanydyr.

TAP-nyň Merkezi Geňeşiniň Başlygy partiýanyň gurultaýynyň, Merkezi Geňeşiniň işine ýolbaşçylyk edýär, gurultaýyň kararlaryny tassyklaýar, partiýanyň ýolbaşçy işgärlerini işe belleýär we işden boşadýar, partiýa degişli ähli beýleki meseleleri çözýär.

6.11.TAP-nyň Merkezi Geňeşi partiýanyň gurultaýlarynyň aralygyndaky döwürde işleýän merkezi edarasy bolup durýar.

Merkezi Geňeş:

- Merkezi Geňeşiň bölüm müdirlerini we jogapkär işgärlerini tassyklaýar, Merkezi Geňeşiň düzümine üýtgeşmeler we goşmaçalar girizýär;

- ýerli partiýa guramalarynyň işini sazlaşykly ugrukdyrýar;

- ýerli wekilçilikli häkimiýetiniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri görkezýär;

- partiýanyň maliýe-hojalyk ýagdaýyny, onuň býujetini ara alyp maslahatlaşýar;

- partiýa agzalarynyň tekliplerine, arzalaryna seredýär, olar boýunça degişli kararlary kabul edýär.

- zerur bolan mahalynda, ýöne azyndan ýylda bir gezek özüniň plenumyny çagyrýar;

TAP-nyň Merkezi Geňeşiniň diwany partiýanyň işini yzygiderli ugrukdyrýar we sazlaşykly alyp barýar. TAP-nyň Merkezi Geňeşiniň Başlygy Merkezi Geňeşiň, onuň diwanynyň, tutuş partiýanyň gündelik işini alyp barýar, partiýanyň meselelerini çözýär. Merkezi Geňeşiň Başlygy ýok mahaly işi Merkezi Geňeşiň Başlygynyň orunbasary alyp barýar.

6.12.TAP-nyň gözegçilik-derňew topary.

a) TAP-nyň ýerli guramalarynda – TAP-nyň ýerli guramasynyň gözegçilik-derňew topary;

b) TAP-da – TAP-nyň Merkezi gözegçilik-derňew topary hereket edýär.

TAP-nyň gözegçilik-derňew toparlary özüniň azyndan ýylda 2 gezek geçirýän mejlislerinde partiýanyň maliýe-hojalyk işine, býujetiniň ýerine ýetirilişine, raýatlaryň arza-şikaýatlaryny seljermäge we TAP-nyň içerki durmuşyna degişli beýleki meselelere, ýerli partiýa guramalarynyň derňew toparlarynyň işine degişli meselelere seredýär. TAP-nyň gözegçilik-derňew toparlary partiýanyň Tertipnamasyna, Maksatnamasyna hem-de öz Düzgünnamasyna laýyklykda iş alyp barýar.

 

VII. TAP-nyň maliýe serişdeleriniň we beýleki emläginiň emele geliş çeşmeleri, emläge bolan hukuklary

 

7.1.TAP özüniň Tertipnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin partiýanyň guramalarynyň we düzüm birlikleriniň maliýe serişdelerini we beýleki emlägini dolandyrmak boýunça hukuklary edinýär, maliýe hasabatlylygyny ýöredýär.

7.2.TAP-nyň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik gozgalýan we gozgalmaýan emlägi edinmäge, enjamlary, ulaglary we beýleki serişdeleri edinmäge hukugy bardyr. Şonuň ýaly-da TAP gozgalýan we gozgalmaýan emlägi kärendesine almak hukugyna eýedir.

7.3.TAP-nyň we onuň guramalarynyň maliýe serişdeleriniň we emläginiň emele geliş çeşmeleri:

- partiýa agzalarynyň agzalyk tölegleri;

- meýletin gatançlar we kömek pullary, yzyna gaýtarylmazdan ýa-da öwezini dolmazdan gelip gowuşýan serişdeler we emläkler;

- TAP-nyň Tertipnamasyna laýyklykda geçirilýän maslahatlardan, ylmy-amaly maslahatlardan, sergilerden, sport we beýleki çärelerden gelýän serişdeler;

- TAP-nyň telekeçilik, daşary ykdysady we beýleki işlerinden, raýat-hukuk geleşiklerinden;

7.4.TAP-nyň agzalarynyň her aýda töleýän agzalyk tölegleriniň möçberi aýlyk zähmet hakynyň 1 göteriminedeňdir. Agzalyk tölegler agzalaryň islegine görä her aýda ýa-da her çärýekde bir gezek tölenilip bilner. TAP-nyň ilkinji partiýa guramalary özünde hasapda duran, işlemeýän agzalaryny (pensionerler, wagtlaýyn işlemeýänler) aýlyk agzalyk töleglerinden boşadyp biler.

7.5.Agzalyk töleglerini ýygnamagyň we hasabyny ýöretmegiň tertibi Merkezi Geňeş tarapyndan tassyklanylýan Agzalyk töleglerini ýygnamagyň we hasabyny ýöretmegiň tertibi bilen kesgitlenilýär.

7.6.TAP-nyň býujeti, onuň düzümi, oňa ilkinji guramalardan, ýerli guramalardan geçirilmeli serişdeleriň göwrümi, TAP-nyň býujetiniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat TAP-nyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanylýar we guramalaryň dykgatyna ýetirilýär.

 

VIII.TAP-nyň Tertipnamasynawe Maksatnamasyna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmegiň tertibi

 

8.1.Partiýanyň Tertipnamasyna we Maksatnamasyna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek hakyndaky karar TAP-nyň gurultaýynda kabul edilýär. Bu baradaky karar gurultaýa gatnaşyjylaryň üçden iki böleginiň ses bermegi bilen kabul edilýär.

 

IX. TAP-nyň ýerleşýän ýeri

 

9.1.TAP-nyň merkezi guramasy bolan Merkezi Geňeş Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 100-nji jaýynda ýerleşýär.

 

X. TAP-nyň işini bes etmeginiň tertibi

 

10.1.TAP-nyň işi onuň bölünmeginiň, beýleki syýasy guramalar bilen birleşmeginiň ýa-da öz-özüni ýatyrmagynyň netijesinde bes edilip bilner. Şu mesele baradaky karar TAP-nyň gurultaýy tarapyndan kabul edilýär. Eger gurultaýyň wekilleriniň azyndan üçden iki bölegi şeýle karara tarapdar bolup ses berse, karar gutarnykly diýlip hasap edilýär.