Syýasatda ileri tutýan ugurlary
- Türkmenistanyň raýatlarynyň dünýäde iň ýokary derejeli durmuş şertlerini üpjün etmek;
- Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalaryndan ugur alyp, döwlet we ýerli häkimiýet edaralarynyň jemgyýetçilik bähbitlerine gönükdirilip alnyp barylýan işlerine ýardam bermek, netijeli gatnaşyklary saklamak, öz işine has jogapkärli çemeleşýän işgärleri saýlap-seçip almagyň usullarynyň ösdürilmegine ýardam bermek;
- Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri hem daşary syýasatyny, döwlet we durmuş ähmiýetli işlerini goldamak, agzybirligi, asudalygy we abadançylygy wagyz etmek, halkyň mundan beýläk-de has jebisleşmegi ugrunda işleri alyp barmak;
- döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik-syýasy, döredijilik, dini guramalar we birleşikler, oba hojalygynda we agrosenagat ulgamynda işleýän işgärleriň bähbitlerinden ugur alyp işleýän islendik beýleki edaralar, kärhanalar, guramalar bilen, şol sanda oba hojalyk önümlerini öndürýän kärhanalar, agrosenagat toplumynyň işgärleri bilen aragatnaşyk saklamak we hyzmatdaşlyk etmek;
- syýasy ulgamyň aýrylmaz bölegi hökmünde TAP-nyň Maksatnamasyna we Tertipnamasyna garşy gelmeýän maksatlary we wezipeleri göz öňünde tutýan syýasy partiýalar bilen aragatnaşyk saklamak we hyzmatdaşlyk etmek;
- ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli medeniýeti, däp-dessurlary gorap saklamak, wagyz etmek, terbiýeçilik işlerinde beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek;
- pikir we wyždan azatlygyny goramak;
- oba hojalyk ylmyny, bilimi, taslamalary, öňdebaryjy tehnologiýany we tehnikany, döredijilik we hünärmenleriň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak ugrunda çäreleri geçirmek;
- milli medeniýeti we dili, halkyň däp-dessurlaryny, Watana bolan söýgini ösdürmäge gönükdirilen syýasaty we işleri goldamak, ata-babalarymyzyň milli mirasyny goramak we ösdürmek;
- ylma ymtylýan oba ýaşlarynyň her biriniň öz ukybyna görä, hünär bilimli bolmagy ugrunda işleri alyp barmak, zehinli ýaşlaryň döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanmagyny gazanmak, ýaş nesle bilim berlişini dünýä derejesine ýetirmäge hemme çäreler arkaly goldaw bermek;
- oba hojalyk we agrosenagat ugurlaryna degişli ylmy-barlaglary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy goldamak, ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine hemme çäreler arkaly ýardam bermek;
- ýerden, suwdan tygşytly peýdalanmagyň öňdebaryjy usullaryny goldamak;
- oba Geňeşiniň we halk maslahatlarynyň agzalary bilen raýatlaryň bähbitlerinden ugur alyp, häkimiýet edaralaryna teklipleri bermek;
- oba ilatynyň ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara we sala salşyklara işjeň gatnaşmagy ugrunda iş alyp barmak, saýlaw hukuklaryndan peýdalanyp, öz işjeňleriniň saýlawly edaralaryň agzalygyna saýlanmagy ugrunda işleri alyp barmak;
- öz agzalarynyň arasyndan has mynasyplaryny döwlet, jemgyýetçilik we syýasy işgärleri edip ýetişdirmek;
- emläk eýeleriniň hukuk goraglylygyny üpjün etmek;
- kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegi, hukuk tertibiniň hemişe ýokary derejede üpjün edilmegi, terrorçylyk, neşe şerişdeleri we adamyň, döwletiň, jemgyýetiň durmuşyna howp salýan beýleki jenaýatçylyga garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak, bu ugurda jemgyýetçiligiň we döwlet edaralarynyň ünsüni çekýän çäreleri geçirmek.
Ykdysadyýetde ileri tutýan ugurlary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ykdysady milli maksatnamalaryny işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge, bazar gatnaşyklarynyň şertlerinde halkyň bolelin, eşretli durmuşyny üpjün etmäge işeňňir gatnaşmak;
- TAP eýeçiligiň ähli görnüşleri esasynda bazar ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegini ykrar edýär, olaryň ösmegi üçin deň şertleriň döredilmegine ýardam edýär;
- ýere, suwa, tokaýlara eýeçilik etmekde, olardan peýdalanmakda we dolandyrmakda döwletiň aýratyn orny ugrunda çykyş edýär;
- galla önümçiligi, pagtaçylyk, halkymyz üçin un, çörek we çörek önümleri, et, ýag, süýt önümleriniň elýeterli bahalar bilen üpjün edilmegi ugrunda döwletiň we hökümetiň tagallalaryny goldamak;
- oba hojalyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, oba hojalygynda we agrosenagat toplumynda eýeçiligiň dürli görnüşleri esasynda önümçiligiň ösmegine ýardam etmek;
- Türkmenistanda oba hojalygyny düýpli özgertmäge gönükdirilen syýasatyň durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň galla, gök, miwe, et, süýt we beýleki azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegine, ýurdumyzda pagtanyň bol hasylynyň öndürilmegine ýardam etmek, öňdebaryjy tejribäni ýaýratmak;
- oba hojalyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň hem-de birleşikleriň ykdysady netijeliligini gazanmak, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga täsir etmegini guramak;
- agrosenagat toplumyna degişli kärhanalary dolandyrmagyň netijeli ulgamynyň kämilleşdirilmegine, obalarda maýa goýum taslamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna we durmuşa ornaşdyrylmagyna ünsi çekmek;
- agrosenagat toplumynda işleýän döwlet kärhanalarynyň ýokary netijeliligini gazanmak, döwlet eýeçiliginiň goralmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak;
- amatly maýa goýum şertleriniň döredilmegi, önümçiligiň höweslendirilmegi ugrunda maliýe-karz we salgyt ulgamlarynyň kämilleşdirilmegini gazanmak;
- kiçi we orta telekeçiligiň oba hojalyk önümleriniň öndürilmegine, agrosenagat toplumyna höwesli gatnaşmaklaryny gazanmak;
- ýurdumyzda içerki mümkinçilikleriň hasabyna ýeterlik öndürilýän önümleriň daşary ýurtlardan getirilmegine çäklendirmeleri girizmek ugrunda çykyş etmek;
- oba hojalyk önümlerini daşary bazarlara eksport etmek boýunça tagallalary goldamak;
- oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenmegini çuňlaşdyrmak, bu mesele bilen gyzyklanýan taraplar bilen taslamalaryň amala aşyrylmagyna, senagat mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam bermek;
- önümçilik serişdeleriniň tebigy gorlarynyň rejeli ulanylmagyna, ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ekologik bilim maksatnamalaryny we dünýägaraýşy ündeýän, döwletiň tebigaty goramak maksatnamalaryna gönükdirilen çäreleri goldamak;
- ýerden peýdalanyjylaryň ýer we suw serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylyşyna, ýeriň hasyllylygyny gaçyrýan taraplara gözegçiligiň amala aşyrylmagy, ol serişdelere zyýan getirýän taraplara çäre görülmegi ugrunda hereket etmek;
- häzirki we geljek nesillerimiziň hatyrasyna daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik taýdan arassa we galyndysyz önüm öndürýän tehnologiýalaryň höweslendirilmegine ýardam bermek.
Durmuşy syýasatda ileri tutýan ugurlary
- her bir adamyň we raýatyň ýaşamaga, zähmet çekmäge, dynç almaga, saglygyny goramaga, bilim almaga, maşgala gurmaga, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny edinmäge, ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmaga, durmuş taýdan doly üpjün edilmäge bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we Kanunlarynda beýan tapan hukuklaryny goramaga ýardam etmek;
- oba ýerlerinde täze iş ýerlerini döretmäge, zähmete ukyply adamlaryň iş bilen doly üpjün edilmegini gazanmaga gönükdirilen syýasaty goldamak;
- şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň doly abadanlaşdyrylmagy, durmuş taýdan hemmetaraplaýyn ösdürilmegi baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek, ilatyň agyz suwy, gaz, elektrik energiýasy, duz, lagym ulgamlarynyň hyzmaty bilen mugt üpjünçiligini, azyk önümleri we beýleki gündelik zerur harytlar bilen doly üpjün edilmegini, aragatnaşyk, ulag, söwda, durmuş hyzmatynyň mundan beýläk-de elýeterli, ýokary derejede ýola goýulmagyny gazanmak;
- maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we oňa hemmetaraplaýyn kömek etmek, eneleri we çagalary goramak, ýaş nesli terbiýelemekde maşgalanyň, mekdebiň, mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň, saglygy goraýşyň, döwletiň hem-de jemgyýetiň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, aýallaryň hem-de erkekleriň deňhukuklylygyny goramak, neşekeşlige we beýleki ýaramaz endiklere garşy göreş alyp barmak;
- maýyplaryň, zähmet weteranlarynyň, köp çagaly maşgalalaryň, ýaşlaryň durmuş şertlerini, maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak barada Türkmenistanda edilýän aladalary doly goldap, wagyz-nesihat etmek, giňden düşündirmek we muňa ýardam bermek;
- adamyň saglygyny üpjün etmek maksatly ekologik ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga, daş-töweregi arassa saklamaga ýardam etmek;
- obada ýaşaýan maşgalalara ýaşaýyş jaý üpjünçiligi, maşgalalaryň has-da gurplanmagy ugrunda döwlet goldawyny bermegiň maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna ýardam bermek;
- ýaş nesle terbiýe berlende halkyň durmuşynda asyrlarboýy berk ornaşan ruhy-ahlak başlangyçlara ünsi çekmek, oba durmuşyny çynlakaý şöhlelendirýän medeniýet, edebiýat we sungat işgärlerini, habar beriş serişdelerini goldamak;
- Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasyny gorap saklamak, halk döredijiligini höweslendirmek, taryhy we medeni ýadygärlikleriň goralmagyny üpjün edýän çäreleri durmuşa geçirmek.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ideologiýasy halkyň milli dünýägaraýşyna, berk döwletlilik we watançylyk, adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýar. Jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki zaman derejelerini halkymyzyň taryhy gazananlary bilen berk baglanyşykly ýokary derejelere ýetirmegi öňe sürýär. Özüniň ideologiýasynyň esasy bölegini oba ilatynyň aň-düşünjesini, bilimini, medeniýetini ýokarlandyrmakda görýär. Sebäbi türkmeniň milli esaslaryny, däp-dessuryny, milli dünýägaraýşyny göterijiler bolup, esasan, oba adamlary çykyş edýärler.
TAP öz işini bilelikde iş alyp barmaga meýli bolan beýleki partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, ekologik, ylmy, medeni, döredijilik we beýleki guramalar bilen bilelikde alyp barmaga ymtylar. TAP olaryň mümkinçilikleri bilen agrar sektoryň bähbitleri nukdaýnazardan gyzyklanyp, bu ugur bilen baglanyşykly guramalaryň tagallalaryny bilelikde goldamak bilen, işleri durmuşa geçirmäge taýýar. TAP öz agzalarynyň arasyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeş agzalarynyň hataryna öz wekilleriniň saýlanmagyny gazanyp, syýasy çözgütleriň, kararlaryň, kanunlaryň işlenip taýýarlanmagyna esasy täsir ediş serişde hökmünde ulanar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy obanyň ösüşine iş ýüzünde öz mynasyp goşandyny goşup biljek, olaryň mynasyp durmuşyny üpjün etmäge goşant goşup, Türkmenistanda durmuş-ykdysady taýdan ösen jemgyýetiň gurulmagynda ýardam berip biljek ýurdumyzyň ähli raýatlaryny öz işine goşulyşmaga çagyrýar. TAP Türkmenistanda ösen jemgyýeti, ýurdumyzyň ynamly öňe gitmegini obanyň ösüşinde görýär.