Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnama kabul edildi. Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir. Türkmenistanyň Bitaraplygy-häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribe esasa daýanyp çözmeklige çalyşmakdyr. Türkmenistan Bitarap döwletleriň hataryna goşulmagy bilen, öz üstüne birnäçe borçnamalary aldy. Türkmenistan umumyadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkar guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy we berjaý edýär.
Ýakyn günlerde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we Lebap welaýat taryhy we ülkäniöwreniş muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda Lebap welaýat taryhy we ülkäniöwreniş muzeýinde mukaddes Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary, bilim we saglygy goraýyş wekilleri, muzeý işgärleri, talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Dabaraly çärede çykyş edenler Bitaraplygymyzyň waspyny belentden ýetirip, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Bitaraplyk syýasatymyz esasynda gazanan üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz barada buýsanç bilen ýatlanyp geçdiler. Çäräniň dowamynda “Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk döwlet bu biziň ata Watanymyz Türkmenistandyr. Ata Watanymyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 12.12.1995-nji ýylda, 03.06.2015-nji ýylda, 21.03.2025-nji ýylda üç gezek Bitarap ýurt diýilip ykrar edildi” diýen buýsançly we ganatly sözler çykyşlaryň içinde eriş-argaç bolup geçdi.
Dabaralary maslahatdaky çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, ata Watanymyzy ösdürmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has kämilleşdirmekde, Pederlerimizi, ýaş we ýaşuly nesle goýýan sylag-hormaty döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp-köp alkyşly sözler belentden ýaňlandy.
Biz hem öz gezegimizde, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri bolup, şeýle-de edara kärhanalarda döredilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary bilen Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ähli pudaklaryny ösdürmekde alyp barýan syýasatyny ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýäris.
Goý, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutýan il-ýurt bähbitli, umumyadamzatähmiýetli tutýan ähli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Marýam Ibadullaýewa