Senesi: 13.11.2026 • Aşgabat · Howa +18°C • agrar@tap.gov.tm • +993 (12) 44-88-10
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany
Ýylyň nyşany
Türkmenistanyň Agrar partiýasy
Türkmenistan Türkmenistanyň Agrar partiýasy
BILDIRIŞLER

Dabaraly çäre geçirildi!

Sene: 12.11.2026 16:01 Görüldi: 8 Awtor: Serdar Amanow
Dabaraly çäre geçirildi!

“Garasşyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly ahalteke bedewleriniň at-abraýynyň dünýä dolan ýylyna öwrüldi. Bu ugurda edilmeli ýylyň başynda ýurt derejesinde, halkara derejesinde geçiriljek çäreleriň meýilnamalary tassyklandy. Görşümiz ýaly, kabul edilen meýilnamalar esasynda ýurdumyzyň çäginde Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparlarynyzň Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ähli welaýatlarda gurulan Türkmeniň ak öýi binalarynda joşgunly çykyşlary halkymyza ruhybelentlik paýlady.
Daşary ýurtlarda geçirilen halkara çärelerinde mysal edip, 2026-njy ýylda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji sirk sungatynyň Festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşantlary üçin ýörite şahadatnamanyň berilmegi, 2025-nji ýylda şol festiwalda gazanan altyn medalynyň dowamy bolup ýaňlandy.
“Ertir turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen atalar sözleriniň zamanamyza şan berip, bedewlerimize şeýle uly hormat goýulmagy, ähli welaýatlarda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde döwrebap atçylyk sport toplumlaryň gurulmagy, Arkadag şäherinde Abu Annaýew adyndaky atçylyk akademiýasynyň açylmagy, paýtagt şäherimizde Halkara ahalteke atçylyk Assosiasiýasynyň hereket ermegi bedewlerimize ata Watanymyzda nähili söýi, hormat goýulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Muňa biz 2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Amul galasyna ýanaşyp duran Garagum sährasynyň gözel künjeginde Amul – Hazar atly ýörişine badalga berilmegi mynasybetli gurnalan dabaraly çäräniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.
Ol ýerde atly ýörişiň şanyna ak öýlar dikilip, toý gazanlary atarylyp türkmeniň milli tagamlarynyň taýýarlanyşyny, dabara gatnaşyjylara hödür-kerem edilişini synlap, sport oýunlaryna tomaşa edip, medeniýet-sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlaryna tomaşa edip, gurnalan sergilere syýahat edip, atly ýörişe gatnaşýan çapynsuwarlara duýgudaşlyk bildirip, ýörişe gatnaşýan owadan, syratly uz basyşly ahalteke bedewlerine, çapynsuwarlara ýoluňyz ak bolsun diýip ak apata berýän ýaşuly nesliň we killerini, dabara gatnaşyjylary görüp, olaryň ýüzlerindäki şatlykly duýgulary synlap, kalbynda ruhybelentlik, ruhy joşgun joş alýar. Atly ýörişe Arkadag, Aşgabat şäherlerinden we welaýatlardan her birinden bäş atly, jemi 35 atly gatnaşýar. Olar atly ýöriş döwründe 1 müň 700 kilometden gowrak ýol geçip, ýurdumyzyň gözel tebigatyny, täze gurulan desgalary, ýerlerdäki medeni ýadygärliklerimizi synlarlar. Şeýlelik-de 35 atly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ýubileý toýuny janlandyryp, Arkadag, Aşgabat şäherlerinden we welaýatlardan Amul – Hazar atly ýörişine gatnaşýan atly ýigitlerimiziň atly ýörişleri ýyl ýazgymyza altyn harplar bilen ýaylar.
Biz hem şeýle şatlykly pursatda, toý gününde ata Watanymyzda ahalteke bedewlerimiziň at-abraýyny jahana doldurup, ýurdumyzda agzybirligiň simwolyna öwrüljek Amul – Hazar atly ýörişini geçirmäge giň şertleri döredip beren Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Seradrymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri
Bagtyýar Derkarow

Mowzuga degişli beýleki makalalar