Senesi: 13.11.2026 • Aşgabat · Howa +18°C • agrar@tap.gov.tm • +993 (12) 44-88-10
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany
Ýylyň nyşany
Türkmenistanyň Agrar partiýasy
Türkmenistan Türkmenistanyň Agrar partiýasy
BILDIRIŞLER

Standartlaşdyrmak işi barada

Sene: 15.10.2026 15:59 Görüldi: 9 Awtor: Serdar Amanow
Standartlaşdyrmak işi barada

Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän yzygiderli işleri netijesinde ata Watanymyz agrar söwletden senagat döwletine öwrüldi. Haçan-da Garaşsyzlyk ýyllaryndan öňki döwür: ýa-da Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýada salyp görseň, ata Watanymyza köp harytlar daşary döwletlerden getirilýärdi, daşary ýurda bolsa nebit-gazymyz, pagta, pilämiz eksport edilýärdi.
Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işlän döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, önüm öndürijilere döwlet banklaryndan ýeňillikler döretmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän ugurdaky işleri durmuşa geçirmekde kanuçylyk namalar bilen kanunlaşdyrmak, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek we goramak hakda ýörite kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda täze telekeçilik pudagynyň döremegine itergi berdi. Häzirki wagtda Telekeçiler birleşmesine 30-40 müňden gowrak kiçi we orta telekeçiler agza bolup, olar köp ugurlar boýunça önümçilikleri ýola goýdular, ýokary hilli harytlary öndürip, öz ýurdumyzyň ak bazarlaryna, artykmajyny bolsa daşary ýurtlara eksport edip başladylar.
2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň sanyny azaltmak, bäsleşige ukyply kärhanalary gurup, daşary ýurtlara eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmak boýunça milli maksatnama kabul edildi. Bu kabul edilen maksatnamanyň durmuşda dabaralanmagy esasynda ýurdumyzda ençeme hususy önüm öndürýän kärhanalar kemala geldi. Ine şu günler ak bazarlarymyzy, söwda nokatlaryny aýlanyp görenimizde ilata hödür edilýän harytlaryň agramly böleginiň öz ýurdumyzda öndürilýän harytlardygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Buýsanç bilen belläp geçmeli zadymyz hem öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassalygy, hili, gaplanan gaby, durnuklylygy daşary ýurtdan getirilýän harytlardan pes däl.
Ynha, bu günki gün bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sany gitdigiçe köpelip, daşary döwletlere eksport edýän harytlaryň sany gün-günden beýgelýär, netijede ýurdumyzyň döwlet gaznasyna gelýän gyzyl puluň mukdary hem artýar.
Ýurdumyzda önüm öndürijileriň barha artmagy, daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň sanynyň köpelmegi öz özünden standartlaşdyrmak işiniň berk berjaý edilmegini talap edýär.
Standartlaşdyrmak işi munuň özi önüm, onuň işlenip taýýarlanmagynyň, öndürilmeginiň, ýerlemegiň, ulanmagyň, saklamagyň, daşalmagynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň, ölçegleriň, düzgünleriň, häsiýetnamalaryň bellenilmegi boýunça amala aşyrylýan işlerdir. Bu işi talaba laýyk ýol goýmak üçin standartlaşdyrmakboýunça kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalar esasy orunda bolup, ol resminamalar işiň anyk görnüşlerine ýa-da olaryň netijelerine degişli düzgünleri, talaplary özünde saklaýan resminalar bolup durýar.
Standartlaşdyrmagyň obýektleri önüm, ony işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, ýerlemegiň, ulanmagyň, saklamagyň, daşa,agyň, çäklerinde alynyp barylýan işleriň ählisinde standartlaşdyrmagyň kadalary berjaý edilmelidir.
Standartlaşdyrmagyň esasy maksady barada aýdanymyzda fiziki we ýuridiki şahslaryň bähbitlerini kadalaşdyryjy resminamalara gabat gelmeýän önümden goramak, önümiň howpsuzlygyny üpjün etmekden, maddy serişdeleri rejeli peýdalanmagy üpjün etmek, ylmyň täze gazananlaryna esaslanyp, döwrebap kärhanalarda bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleri önüdrmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzda standartlaşdyrmakişiniň ýola goýulyşy babatda aýdanymyzda standartlaşdyrmak boýunça döwlet gözegçiligi we gözegçilik barlagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarly edara we beýleki döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Standartlaşdyrmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti kesgitleýär.
Ýurdumyzda standartlaşdyrmak boýunça gözegçiligi, gözegçilik barlagy amala aşyrylanda ygtyýarly edara, gümrük, sanitariýa, weterinariýa, hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde hereket edýärler.
Ýurdumyzda standartlaşdyrmakişi amala aşyrylanda kadalaşdyryjy resminamalar bolan döwlet standartlary, Halkara satandartlary, Döwletara standartlary esasynda işler alnyp barylýar. Mundan başga-da bu ugurda iş alnyp barylanda tehniki şertler, pudaklaýyn standartlar, kärhanalaryň standartlary, bu ugurdaky düzgünler, düzgün namalar, gollanmalar giňden ulanýar.
Standartlaşdyrma işi alnyp barylanda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň standartlarynyň ulanmagyna rugsat berilip biliner.
Döwlet standartlarynda we tehniki serişdelerde şu aşakdakylar hökman göz öňünde tutulýar, ýagny olar adamyň janyna we saglygyna, daşky gurşawa zelel ýetirilmezligine ýol bermezlik, önümiň howpsuzlygy boýunça talaplar, ony işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, ýerlemegiň, ulanmagyň, saklamagyň, daşamagyň çäklerinde bildirilýän talaplar hökman berjaý edilmelidir.
Oba hojalyk pudagynda gaýtadan işlenýän önümler bilen deň hatarda döwlet sargytlary esasynda ekilýän pagta, bugdaý, şaly ekinleri ekilende-de, hasyly ýygnalanda hem hasyl kabul ediş nokatlarynda barlaghanalarda döwlet standarlarynyň kadalary berk gözegçilikden geçirilýän, hasylyň çyglylygy, arassalygy, öz wagtynda ýygylmagy we ýene-de birnäçe ugurlar boýunça barlaglar geçirilýär.
Mundan başga-da ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän, ýokarda belläp geçişimiz ýaly daşary ýurda eksport edýän harytlarymyz, önümler döwlet standartlaryna, Halkara standartlaryna, Döwletara standartlaryna gabat geline berk gözegçilikde saklanýar. Eger daşyndan getirilýän harytlar ýokarda agzalan kadalara gabat gelmese, onda ol harytlaryň ýurdumyzyň çägine getirilmegine ýol berilmeýär, bu talaplar ýurdumyzda öndürilýän harytlar eksport edilende hem berk berjaý edilýär.
Unha ýurdumyzda standartlaşdyrmakişiniň guramaçylykly ýola goýulmagy ýurdumyza ýokary hilli harytlaryň gelmegine, ýurdumyzda bäsleşige ukyply ýokary hilli harytlaryň öndürilmegine ýardam berýär.
Hormatly watandaşlar! Ýurdumyzda dürli ugurdaky önüm öndürijileriň sany näçe artdygyça Standartlaşdyrmak işiniň barha jogapkärçiliginiň artjagy, bu ugurda alnyp barmaly işleriň göwrüminiň barha ulaljagy taryhy hakykatdyr. Biz hem bu ugurda jogapkär işgärlerine işlerinde uly üstünlik arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri
Bagtyýar Derkarow

Mowzuga degişli beýleki makalalar