Berkrara döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garasşyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly adyndan hem mälim bolşy ýaly bedew batly ösüşlerimiziň kemala tapan, bedew atlarymyzyň at-owarasynyň dünýä dolan ýylyna öwrüldi. Tamamlanyp barýan ýylymyzyň ilkinji aýlarynda Galkynyş at üstündäki milli oýunlar toparymyza Halkara derejesindäki sertifikatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy, bu toparyň öz ýurdumyzda we dünýäniň dürli ýurtlarynda at üstündäki oýunlary ezberlik bilen ýerine ýetirip, adamlara ruhybelentlik paýlamagy, daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklerde ýeňiji bolup ýaşyl tugumyzy al-asmana parlatmaklary biziň hemmämizi buýsandyrdy. Bu toparyň agzlarynyň ähli welaýatlarda gurulan Türkmeniň ak öýi binalarynda görkezen görkezme çykyşlary buýsanç bilen belläp geçmäge mynasypdyr.
Her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewleriniň milli baýramçylygy bellenip geçilýär. Üstümizdäki ýylda hem bu baýramçylyk uly joşgun bilen bellenip geçildi. Bu baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň birnäçe çapynsuwarlaryna, seýisçilerine, atşynaslaryna Hormatly Prezidentimiziň şa sowgatlary, hormatly atlar, orden-medallar gowşuryldy. Şol günler aýlawlarda geçirilen at çapyşyklarynda bolsa ýeňiji bolan çapynsuwarlara, seýisçilere Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýurdumyzda edil ählihalk bag ekilişi ýaly ýazky, güýzki at çapyşyk möwsümlerinde uly ruhy joşgun bilen geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň sahawaty bilen Aşgabat şäherinde we welaýatlarda gurulyp ulanmaga berilen atçylyk sport toplumlarynda ildeşlerimiz dünýä ülňülerine gabat gelýän atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklary uly joşgun bilen synlaýarlar we her haýsy öz göwün söýen atlaryna jenka ýerlik edýärler. Bu atçylyk sport toplumlarynda atlary saklamak, gerim etdirmek, sport toplumlarynda atlary saklamak, gerim etdirmek, seýislemek, raýatlarymyzyň at çapyşyklaryny amatly ýagdaýda tomaşa etmekleri üçin, atlaryň saglygyna seretmekleri üçin ähli şertler döredilen. Şu ýerde öňler at çapyşyklaryny boz meýdanlarda synlaýşymyz ýadymyza düşüp, häzirki döredilen giň şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza guwanç, buýsanç, minnetdarlyk duýgulary kalbyny gurşap alýar.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň belentden toýlanan çylynda sentýabr aýynyň aýagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bizde buýsançly duýgulary döretdi. Bu desganyň açylyş dabarasynda milli däp-dessurlarymyzyň giňden şöhlelendirilmegi, halypa çapynsuwarlaryň bäsleşigi geçirilmegi we bu bäsleşikde Gahryman Arkadagymyzyň ýeňiji bolup biziň hemmämize nusgalyk görelde görkezmegi hem bize ajaýyp duýgulary peşgeş etdi.
Üstümizdäki ýylda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýäniň ençeme döwletlerine resmi iş saparlaryny amala aşyryldy. Şol iş saparlarda Gahryman Arkadagymyzam, Hormatly Prezidentimizem dünýäniň birnäçe döwletlerindäki atçylyk sport toplumlaryna baryp, ol ýerde durmuşa geçirilýän işler bilen içgin tanyşdylar we pikir, tejribe alyşdylar. Bedew atymyzyň adynyň dünýä dolan ýylynda Nedirlandlar patyşalygynda Türkmen atlarynyň dünýä çempionadynyň geçirilmegi, ol ýerde Halkara Ahalteke atçylyk Assosiasiýasynyň mejlisiniň geçirilmegi, dünýä çempionadynda ata Watanymyzdan baran ähälteke atlarymyzyň gowy netijeleri görkezip, baş baýraklara mynasyp bolmaklary üstümizdäki ýylyň adyna mynasyp çäreleriň öz ýurdumyzda-da, dünýäniň beýleki künjeklerinde-de myradyna ýeten ýyla öwrülendigini şöhlelendirýän ýyla öwrülendigini taryhy hakykatdyr.
Geçmişe nazar aýlasak biziň ata-babalarymyz bedew atlaryny seýisläp, bezäp uly toýlara, atly ýörişlere taýýarlapdyr. Oguz han döwründen bäri türkmen aganyň bar ýerinde bedew aty, alabaý iti, saryja goýunlary hem bolupdyr. Bizizň bedew atlarymyzyň taryhy ýolunyň heňňamlara uzap gidýändigine taryhyň altyn gatlary we gazuw-agtaryş işlerinde tapylýan muzeý eksponatlarynda aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýigriminji asyrda Aşgabat-Moskwa aralygyndaky atly ýöriş ildeşlerimiz häli-häzirlerem buýsanç bilen ýatlaýarlar.
Ynha, 2026-njy ýylyň 12-nji noýabry güni hem ýyl ýazgymyza altyn harplar bilen girer. Bu gün Hormatly Prezidentimiziň ak patasy, Gahryman Arkadagymyzyň sahabaty bilen Amul-Hazar atly ýörişine badalga berilýär.
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanan ýylynda badalga berilýän atly ýörişe jemi 35 at gatnaşyp, ol bedewlere erk edýän çapynsuwarlarymyz Lebap welaýatyndan badalga alýan atly ýörişiň dowamynda welaýatlaryň medeni ýadygärliklerine, gözel künjeklerine syýahat ederler. Pirli ýerlerimize zyýarat edenler, Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyňak patasy bilen Garaşsyzlyk ýyllary içinde ulanmaga berilen täze desgalara baryp görerler.
Amul-Hazar atly ýörişine gatnaşyjylar bu ýoluň ugrunda ýerleşýän her welaýatda 4-5 güniň dowamynda atly ýörişde bolup, şol günler bu ýöriş mynasybetli dabaraly çäreler geçirilip, ol çärelerde milli däp-dessurlarymyzy açyp görkezýän medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylan.
Men hem şeýle şatlykly günde, toý gününde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy Amul-Hazar atly ýörişiniň badalga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly biziň hemmämize bedew batly ösüşlere ýar etsin, täze gadam basjak 2027-nji ýyla şan-şöhrat getirsin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri
Bagtyýar Derkarow
Dabaraly ýöriş!
Sene: 11.11.2026 16:02
Görüldi: 8
Awtor: Serdar Amanow
Mowzuga degişli beýleki makalalar
13.11.2026
Ýatdan çykmajak waka!
12.11.2026
Dabaraly çäre geçirildi!
15.10.2026