Senesi: 13.11.2026 • Aşgabat · Howa +18°C • agrar@tap.gov.tm • +993 (12) 44-88-10
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany
Ýylyň nyşany
Türkmenistanyň Agrar partiýasy
Türkmenistan Türkmenistanyň Agrar partiýasy
Baş sahypa Partiýa barada Habarlar Çäreler Makalalar
BILDIRIŞLER

Beýik işleriň-beýik döwrüň ýaraşygy Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

Wagty: 24.11.2026 09:39
Geçirilýän ýeri: Daşoguz welaýaty
Beýik işleriň-beýik döwrüň ýaraşygy Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

          “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip yglan edilen   üstümizdäki ýyl dünýä ýaň salan  şanly wakalara,    tutumly işlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam  etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda durmuşa   geçirilýän   işler durnukly ösüşi üpjün edýär. 4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň  hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbini tutmak dabaralaryna gatnaşdy. Welaýatymyza şa gadamyny mübärek gelen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gelmegi beýik ösüşlriň düýbini tutany mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komiteti tarapyndan işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda “Beýik işleriň-beýik döwrüň ýaraşygy Arkadagly Gahryman Serdarymyz” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy.

Belli bolşy ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda ata-babalarymyz ýol gurmagy iň haýyrly, sogaply işleriň biri hasaplapdyrlar. Şeýle parasatly ýörelgäniň hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen biziň döwrümizde barha rowaçlanýandygy örän guwandyryjydyr. Çünki abat ýol özara gatnaşyklaryň ýygjamlanmagyna, ýagşy günlerde toý-märekelere baryş-gelişleriň ýeňilleşmegine şert döredýär. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygynda, azyk senagatynda iş öndürijiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem azyk çig malyny galyndysyz, toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen welaýatymyzyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde döwrebap ösümlik ýagkärhanasynyň gurulmagynyň hem möhüm ähmiýeti bar. Welaýatymyzyň çäginde karbamid we ammiak selitra dökünlerini öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berilmeginiň oba hojalyk pudagynda öňde goýulýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginde ähmiýeti örän uludyr. Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzda ýylyň-ýylyna gowaçanyň, bugdaýyň, gök-bakjanyň we beýleki önümleriň bereketli hasylyny kemala getirmek bilen baglanyşykly uly işler alnyp barylýar. Şonda bu ugurda yhlasly zähmet çekýän babadaýhanlaryň beýleki serişdeler bilen bir hatarda, mineral dökünler bilen üpjünçiliginiň hem ýokary derejede bolmagy uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, möhüm iri taslamalaryň gurluşyklaryna ak pata bermegi halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi diýip gürrüň etdiler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň buhgalteri Oguljemal Berdiýewa