Senesi: 13.11.2026 • Aşgabat · Howa +18°C • agrar@tap.gov.tm • +993 (12) 44-88-10
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany
Ýylyň nyşany
Türkmenistanyň Agrar partiýasy
Türkmenistan Türkmenistanyň Agrar partiýasy
Baş sahypa Partiýa barada Habarlar Çäreler Makalalar
BILDIRIŞLER

Bitaraplyk-rowaçlyga badalga.

Wagty: 23.11.2026 09:37
Geçirilýän ýeri: Daşoguz welaýaty
Bitaraplyk-rowaçlyga badalga.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýyly hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramy bilen şöhratlanar. Ata watanymyzyň özygtyýarlygyny, berkararlygyny şöhratlandyrýan ajaýyp senäni  mynasyp derejede dabaralandyp, şanly ýyly ähli ugurlarda zähmet üstünligine beslär. Ine şeýle dabaralandyrylýan baýramçylygymyzyň şanyna Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda “Bitaraplyk-rowaçlyga badalga” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurady. Söhbetdeşlige TAP-nyň şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Humaý Uzakberdiýewa, Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Dessan Orazow, Mämedow Mämmet, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy welaýat halk maslahatynyň agzasy Mähri Bekiýewa, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary  Kakamyrat Tureşow hem-de Şanur Ataýew dagylar gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy  berkitmäge uly goşant goşýar. Häzirki wagtda dünýä döwletleri biziň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga  hem-de özara bähbitli  hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatyna uly hormat goýulýar. Prahatçylygyň höküm sürýän ýerinde ösüşem bolýa öňegidişligem. Diýarymyzyň ýylsaýyn gülläp ösmeginiň, dünýä döwletleriniň arasynda belent abraýa eýe bolmagynyň mysalynda  bu hakykata aýdyň göz ýetirýäris. Ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornunyň barha pugtalanýandygyny açyk-aýdyň görkezýän işleriň ählisiniň düýp özeninde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasynda dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasyndaky dürli ugurly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek ýaly meselelerde işjeň çykyş edip, öz başlangyçlaryny hem-de tekliplerini öňe sürýär. Dünýä tejribesi türkmen Bitaraplygynyň gudratyna, gymmatyna, ähmiýetine doly göz ýetirip, onuň adamzat jemgyýetiniň ykbalyna ýetirýän öwrülişikli täsirine, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine uly ynam bilen bil baglaýar. Ýurdumyzda  çäreleriň aglabasynyň şu ýylymyzy boýdan-başa gurşap alyp baky Bitaraplygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygy giňden dabaralandyrýandygy dogrusynda gürrüň etdiler.

 Söhbetdeşligiň ahyrynda Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterip, beýik işleri  durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janalarynyň sag bolamgyny il ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa