,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmagyň guralyny işläp taýýarlamagyň esasyny düzýär. Ol çuňňur taryhy köklere, milli durmuş aýratynlyklaryna hem-de häzirki zaman dünýä garaýyş ölçegleriniň düýpli ýörelgeleri esasynda kemala gelendir.
Biziň eziz ata Watanymyz Türkmenistan dünýä döwletleriniň 185-isiniň ykrar etmegi bilen 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy.Bütin dünýäde eziz Watanymyzy Bitaraplyga eýe bolan ýurt hökmünde tanaýarlar.
Bitaraplyk diýmek, asuda we parahat durmuşda ýaşamak diýmekdir. Dünýäde bolup geçýän dawalara goşulman, parahatlyk ýoly bilen şol dawa- laryň öňüni almagy aňladýar.
Ine, biziň döwletimiz şeýle adalatly syýasaty alyp barýar, şonuň üçinem dünýäde baky Bitarap Türkmenistanyň at‑abraýy artýar.
Ýurdumyzyň paýtagty gözel Aşgabat şäherinde dünýä ähmiýetli uly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Baky Bitaraplyk ýurdumyzda halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyna eltýär,Watanymyzyň ýaş nesliniň bagtyýar geljegi bolup ýetişmekleri üçin şert döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz,baky Bitarap Türkmrnistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär.Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsan-perwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.
Ýurdumyzyň strategiýasyny amala aşyrmakda uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly mese-leleriniň oňyn çözgütlerini tapmakda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýä birleşigi tarapyndan goldanylýar.
Häzirki wagtda biziň her birimiz ýurdumyzyň ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys.Bu taryhy wakalar halkymyzyň haky-dasynda we ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgy-ýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyza eşretli durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagy-myzyň we Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň baş hünärmeni Hojageldi Ýazkulyýew