,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň baştutan-lygynda eziz Watanymyzda hemişelik Bitaraplyk bayramynyň 31 ýyllyk toýy uludan tutulýar.
Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi Türkmenistan döwletimiziň taryhynda täze, möhüm we buýsançly sahypany açdy.Her ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýän Bitaraplyk baýramy diňe bir milli senämiz bolman, eýsem bütin dünýäde parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de deň hukuklygyň hyzmatdaşlygyň dabaralanýan ýyl ýazgysydyr.1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Türkmenistan ýurdumyz baky Bitarap döwlet boldy.Bu taryhy waka türkmen halkynyň asyrlar boýy arzuw edip gelen arzuwy amala aşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini almagy bilen ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşleri, halkara giňiş-likdäki belent abraýy barha artýar.Türkmenistan ýurdumyz BMG-niň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli syýasy başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär we bu bolsa ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň gadymy däp-dessurlary we milli medeniýetimize doly laýyk gelýän bu özboluşly hukuk ýagdaýy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem tutuş adam-zadyň bähbidine parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmeklige uly mümkinçilikleri açýar.
Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň durnuklylygyň we özara ynamyň gadry her bir millet üçin iň ýokary gymmatlyk bolup durýar.Biziň ata-babala-rymyz asyrlar boýy hoşniýetli goňşuçylyga, agzybirlik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerip gelipdirler. Dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli we dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagyň berk binadydyr.Ýurdumyzyň sebitde we ähliumumy möçberde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky baş-langyçlaryň dünýäde giň goldaw tapmagyna ýardam berýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy
Muhriddin Hemraýew